logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / In the world /Sowuk urşuň nyşany bolan Berlin diwarynyň ýykylanyna 33 ýyl boldy
  08.11.2022
1357
Sowuk urşuň nyşany bolan Berlin diwarynyň ýykylanyna 33 ýyl boldy

Ikinji jahan urşundan soň Germaniýany gündogar we günbatary diýip ikä bölen, sowuk urşuň nyşany bolan Berlin diwarynyň ýykylanyna 33 ýyl boldy.

Berlin diwary - 1989-njy ýylyň 9-njy noýabrynda ýykyldy. Ol başgaça «Utanç diwary» hökmünde hem häsiýetlendirilýär. Diwar 3,6 metr beýiklikde bolup, 1961-nji ýylda guruldy. Sowuk urşuň nyşanyna öwrülen we şäheriň ortasyndan geçýän Berlin diwary şäherde takmynan 44 kilometre çenli ýetýärdi.

Berlin diwary 28 ýyl durdy. Onuň birnäçe ýerinde 300-den gowrak gözegçilik diňleri ýerleşdirildi. 1989-njy ýylyň 9-njy noýabrynda Berlin diwarynyň ýykylmagy dünýäde Sowuk urşuň gutarmagyna sebäp boldy.