logo

Latest news:
✦ Sagdyn ýaşaýyş tebigatdan başlanýar ✦ ✦ Ösümlik ýagynyň önümçiliginiň inçe syrlary ✦ ✦ Türkmenistanyň oba hojalygynda önümçilik kuwwaty yzygiderli ýokarlanýar ✦ ✦ Türkmenistan GDA ýurtlaryna pomidor eksport etmekde öňdebaryjy orun eýeleýär ✦ ✦ Duşenbe şäherinde Halk Maslahatynyň öňde boljak mejlisine bagyşlanyp maslahat geçirildi ✦ ✦ “IWISE Global Final London 2026” halkara bäsleşiginde Türkmenistanyň mekdep okuwçylary uly üstünlik gazandylar ✦ ✦ Ahalda “Ýigit” pomidor we paprika önümçiligini giňeldýär ✦ ✦ Mukaddes Garaşsyzlygyň 35 ýyllygy we Halk Maslahaty: Berkarar döwletiň beýik geljegine tarap ✦ ✦ Ahal miweleri «Erem» brendi bilen dünýä bazaryna çykýar ✦ ✦ Ahal welaýatynda senagat önümleri daşary ýurt bazarlarynyň ünsüni çekýär ✦
Home / Health /Soýanyň peýdaly aýratynlyklary
  11.11.2022
1540
Soýanyň peýdaly aýratynlyklary

Soýa – kösükliler maşgalasyna degişli bolan birýyllyk ösümlikdir. Onuň 40-dan gowrak görnüşi bolup, görnüşleriň köp bölegi tropiki Afrikada ýaýrandyr. Soýanyň baldagy berk, dik ösýän, köp şahalanýar. Ýapraklary 3 ülüşli bolup, gülleri ownuk ak ýa-da açyk mämişi reňkdedir. Soýanyň watany Günorta-gündogar Aziýa hasaplanylýar. Hytaýda soýa biziň eýýamymyzdan 6 müň ýyl öň belli bolupdyr. Soýa gadymy wagtlardan bäri Hindistanda, Ýaponiýada, Koreýada, Wýetnamda, Indoneziýada we beýleki ýurtlarda ekilip gelinýär. Bu ýurtlarda soýa ösümlik belogynyň we ösümlik ýagynyň esasy çeşmesi bolup hyzmat etmek bilen, ol örän köp görnüşli tagamlary taýýarlamakda ulanylýar. Ondan 400-e golaý iýmitlik önüm taýýarlanýar. Soýa özüniň ekilýän meýdany boýunça kösükli däneli ekinleriň arasynda dünýäde 1-nji orny eýelemek bilen birlikde, ol dünýäniň 40-dan gowrak döwletinde ekilýär.

Soýa köptaraplaýyn ulanylýan ekinleriň biri bolup, onuň düzüminde köp mukdarda belok we ýag toplanýar. Soýanyň dänesi 32-45% belok, 17-26% ýag, 20% uglewod, şeýle hem ýagda ereýän witaminleri saklaýar. Gülünde köp mukdarda K, F we Ca elementleri bar. Soýa süýji keselli adamlar üçin berhizlik iýmit bolup hyzmat edýär. 1 kg tohumynda 320-450 gr protein bardyr. Şol sanda 21,9 g lizin, 4,6 g metionin, 5,3 g sistein, 4,3 g triptofan ýaly aminokislotalar saklanýar. Soýadan dürli iýmit önümleri alynýar: ýag, margarin, soýa süýdi, un, konditer önümleri we ş.m.

Bulardan başga-da soýa ýagy sabyn, reňkleýjileri, polietilen plýonkalary öndürmekde, şeýle hem dokma senagatynda giňden ulanylýar. Soýa künjarasynda 47%, soýa ununda 40% çenli belok bolup, ol mallar üçin ýokumly iýmitdir. Soýa ösümliginiň 100 kg gök massasynda 21 iým birligi we 9,5 kg protein bardyr. Soýa bedesinde 15% belok, 5% ýag, 39% uglewod we 21% kletçatka bardyr. Çyglylygyň ýeterlik bolan ýerlerinde ol ýaşyl dökün hökmünde hem ulanylýar. 

 

Çeper RAHMEDOWA,

Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.