logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Poetry /«SÖÝGI» - Alty BEGMANOW
  14.03.2023
960
«SÖÝGI» - Alty BEGMANOW

Şeýle täsin eken söýgi diýlen zat,
Ol bir göýä ýanyp duran ot eken.
Gijelerne uky gelmän gözüňe,
Rahatlyk diýilýän oňa ýat eken.

Şeýle täsin eken söýgi diýlen zat,
Ol ýürekde eremejek daş eken.
Ol seni birsyhly bitakat edip,
Bedeniňde bir bitmejek baş eken.

Şeýle täsin eken söýgi diýlen zat,
Ne sebäpden gyzda rehim az eken.
Iki ýürek düşünse biri-birine,
Aşyklara gyş hem bolsa ýaz eken.

Şeýle täsin eken söýgi diýlen zat,
Bir söýeňsoň unutmaklyk kyn eken.
Käte birden alyşanok mähirler,
Şeýle bolsa aladasy kän eken.

Şeýle täsin eken söýgi diýlen zat,
Aýra düşseň ýyly dünýäň buz eken.
Men bir zada göz ýetirdim söýgüde,
Ol gussasy soňlanmajak saz eken.