logo

Latest news:
✦ Akylly ulgamlar maglumat tehnologiýalarynyň täze eýýamy ✦ ✦ Programmirleme we maglumat tehnologiýalary sanly geljegiň hereketlendiriji güýji ✦ ✦ GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirildi ✦ ✦ Londonda geçirilýän halkara bilim forumynda Türkmenistanyň bilim ulgamy tanyşdyryldy ✦ ✦ Dünýä kino sungatynyň esasy baýragynyň ýeňijisi belli bolar ✦ ✦ Global IT kompaniýalary 6G synaglaryna girişýär ✦ ✦ Kitap - paýhas hazynasynyň açary ✦ ✦ Ronda Şroder Aşgabatda ýaş telekeçiler bilen duşuşdy ✦ ✦ 2026-njy ýylyň şygary mynasybetli konsert geçirildi ✦ ✦ Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni ✦
Home / Culture /Söz äleminiň ussady
  02.03.2023
1071
Söz äleminiň ussady

Söz äleminiň ajaýyplyklary, onuň gudraty hakyndaky söhbetler ýürekde müdimi orun alandyr. Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň döredijiligi hem kämil şahsyýeti kemala getirmekde möhüm ähmiýete eýe bolup durýar. Arkadagly Serdarymyzyň baştutanlygynda häzirki döwürde akyldar şahyrymyzyň doglan gününiň 300 ýyllygyna taýýarlyk görmegiň çäklerinde medeni çäreler, maslahatlar giňden ýaýbaňlandyrylýar.

Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda Magtymguly Pyragynyň döredijilik mirasyny giňden wagyz etmek, akyldar şahyryň doglan gününiň 300 ýyllygyny dabaralandyrmak maksady bilen, birnäçe döredijilik maslahatlary we çäreleri geçirilýär.

Magtymguly Pyragy - türkmen halkynyň milli buýsanjy. Şahyryň ýaşaýşyň manysy, ynsan mertebesi, adamkärçilik, hoşniýetlilik baradaky pikirleri her bir adamy durmuşdaky öz borjy hakynda oýlanmaga mejbur edýär. Şonuň üçin akyldaryň pähim-parasatdan ýüki ýetik çuň manyly şygyrlary köňüllerde inçe duýgulary oýaryp, müdimi orun aldy. Şu nukdaýnazardan, şahyryň şygyrlary her bir adamda, ylaýta-da ýaş nesillerde watansöýüjilik, ynsanperwerlik duýgularyny terbiýelemekde we ösdürmekde dury akaba, ruhy çeşme bolup hyzmat edýär.

Türkmen halky özüniň akyldar şahyryny sarpalaýar. Şahyryň hormatyna Balkan welaýatynyň Magtymguly etrabynyň Gerkez obasynda muzeýiň täze binasy guruldy, ýörite medal döredildi. Ak mermerli paýtagtymyz Aşgabat şäherinde Köpetdagyň baýrynda şahyryň beýik heýkeli, onuň berkarar döwlet guran nesillerinden ýadygärlik nyşany bolup seleňläp dur. Munuň özi ajaýyp eýýam hakyndaky garaýyşlaryny, berkarar döwlet baradaky arzuwlaryny öz döredijiliginde beýan eden akyldar şahyrymyza bolan çuňňur hormatyň, oňa goýulýan sarpanyň aýdyň ýüze çykmasydyr.

Nesip bolsa, ýurdumyzda 2024-nji ýylda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy dabaraly bellenilip geçiler. Munuň özi akyldar şahyryň baý hem-de gymmatly edebi mirasyny, ХVIII-ХIХ asyrlarda türkmen durmuşyna ýetiren uly täsirini ylmy esasda öwrenmekde, onuň şahyrana dünýäsine halkara ylmy-edebi jemgyýetçiligiň ünsüni çekmekde uly ähmiýete eýe bolar. 

 

Gülşat GELDIÝEWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň
«Psihologiýa-pedagogiki bilimi»
ugry boýunça magistranty.