logo

Latest news:
✦ Parahatçylygyň mizemez binýady ✦ ✦ Ahalda hasylly ösüş ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň Azerbaýjanyň ykdysadyýet ministri bilen duşuşygy ✦ ✦ Halkymyzyň buýsanjy — ýylymyzyň şany ✦ ✦ Ýylymyza bagyşlanan dabaraly mejlis ✦ ✦ Ýaşlaryň elektron žurnalynyň täze sany çap edildi ✦ ✦ Şatlyga beslenýän «Awaza» ✦ ✦ Türgenlerimiziň Aziýa çempionatynda gazanan nobatdaky ýeňişleri ✦ ✦ Koreýanyň KHBS-niň wekilleriniň ýurdumyza sapary ✦ ✦ Türkmen sungat ussatlary Özbegistanda geçirilen halkara makam sungaty forumynda ýeňiji boldular ✦
Home / Culture /Söz köşgüniň hany — beýik Pyragy
  12.04.2023
759
Söz köşgüniň hany — beýik Pyragy

Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda demokratik jemgyýetimizde täze kabul edilýän we kämilleşdirilýän milli kanunçylygymyzda halkymyzyň ahlak-durmuş ýörelgeleri, aň-pikirleri, ruhy dünýäsi jemlenendir. Edil şonuň ýaly-da, Magtymguly Pyragynyň şygyrlary hem merkezleşen döwletiniň ýok zamanynda türkmenleri birleşmäge, ahlak, durmuşy düzgünleri ýerine ýetirmäge, halallyga ýar bolup, haramdan gaça durmaga çagyrýan durmuşy kanunçylyk kadalary bolupdyr.

Ençeme asyrlap bitewi döwleti arzuwlap ýaşan türkmen halky öz şahyr ogluna guwanyp, onuň dürdäne setirlerini kanunyň kadalary ýaly gyşarnyksyz ýerine ýetiripdir, ol jümleleri mukaddes saýyp, öz neberelerine Pyragynyň pähiminden ugur almagy sargyt edipdirler. Beýik Pyragynyň türkmeniň ruhy, durmuşy, kämilligi, agraslygy siňen ajaýyp şygyrlarynyň döwür geçdigiçe täsirliligi ýokarlanýar, gymmaty artýar. Megerem, türkmenleriň «Kämillige wagt baha berýär» diýen öňdengörüji sözleriniň hakyky subutnamasy şu bolsa gerek.

Mälim bolşy ýaly, 2024-nji ýylda beýik şahyryň 300 ýyllygy belleniler. Munuň özi Magtymguly Pyraga goýulýan sarpanyň nobatdaky subutnamasy bolar. Magtymguly Pyragynyň ýadygärligi we medeni seýilgäh toplumy paýtagt şäherimiziň görküne görk goşar.

Goý, geçmiş taryhymyzda il-ýurt üçin beýik işleri bitiren taryhy şahsyýetlerimize belent sarpa goýýan Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Serdarymyzyň hemişe jany sag, başy dik, ömri uzak bolsun! 

 

Ogulmaral BILIŞOWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.