Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Frankfurtda “Türkmenistanyň Ykdysadyýetiniň günleri” forumy üstünlikli tamamlandy ✦ ✦ Türkmenistanyň halk suratkeşi Babasary Annamyradow «Geljegiň mirasy» halkara baýragyna mynasyp boldy ✦ ✦ TSTP-da startapçylaryň arasynda duşuşyk geçirildi ✦ ✦ “Sanly çözgüt—2025” bäsleşiginiň ýeňijileri yglan edildi ✦ ✦ Milli oýunlaryň çaga terbiýesindäki orny ✦ ✦ «Türkmentel – 2025» öz işine başlady ✦ ✦ Pekinde «Hytaý diliniň Bütindünýä maslahaty – 2025» atly halkara çäre geçirildi ✦ ✦ Sanly dolandyryş ulgamynda döwletiň täze ösüş tapgyry ✦ ✦ TDEI-de bag ekmek dabarsy geçirildi ✦ ✦ Mekdebe çenli ýaşlarda çagalar üçin milli oýunlaryň ähmiýeti ✦
Baş sahypa / Medeniýet /Söz şalygynyň soltany
  14.03.2023
919
Söz şalygynyň soltany

Arkadagly Serdarymyzyň ajaýyp göreldesi bilen şygryýet dünýäsine belent sarpa goýulýar. Paýtagtymyzyň günorta künjeginde akyldar şahyrymyzyň heýkeliniň gurulmagy, Gündogaryň beýik danasy diýlip ykrar edilen Magtymguly Pyragynyň 2024-nji ýylda 300 ýyllyk şanly toýunyň halkara derejesinde geçirilmeginiň meýilleşdirilýändigi munuň aýdyň subutnamasydyr.

Türkmen halkynyň müňýyllyklar içre kämilleşip gelen ahlak-edep medeniýetini özüniň pähim-parasat dünýäsine siňdirip, onuň mazmunyna çuňňur pelsepe çaýan akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň şahyrana döredijiligi Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaş nesli milli ruhda terbiýelemekde iňňän gymmatly hazynadyr. Gahryman Arkadagymyz «Ynsan kalbynyň öçmejek nury» atly ajaýyp eserinde: «Nusgawy şahyr Magtymguly Pyragynyň bize goýup giden mirasy özboluşly terbiýe mekdebidir. Türkmen halky asyrlaryň dowamynda beýik akyldaryň ynsanperwer taglymatlarynyň esasynda nesilden-nesle terbiýelenip gelýär» diýip belleýär.

Ahlak terbiýeçilik ýörelgeleri jemgyýetçilik aňynyň gözellige, içki medeniýetiň kämilligine bolan ymtylyşynyň nyşanydyr. Ol ynsan kalbynda nepis duýgulary, watansöýüjiligi, ynsanperwerligi kämilleşdirip, sagdyn durmuş ýörelgelerini ündeýär. Adamlaryň döredijilik ylhamyny joşdurýar, olary zähmet ýeňişlerine ruhlandyrýar. Şoňa görä-de, pederlerimiz ýaş nesli terbiýelemekde ahlak ýörelgeleriniň dury akabasyna öwrülen halk döredijilik eserlerine, dessanlardyr şadessanlaryna, oguznamalara, däp-dessurlara öwran-öwran ýüzlenýärler. Magtymguly Pyragy öz döredijiliginde hem her bir ynsanyň kämil ahlakly, edep-ekramly bolmagy barada öňden gelýän parasatly pikirleri täze röwüşde beýan edipdir. Şoňa görä-de, akyldar şahyrymyzyň päk garaýyşlary tutuş ynsan nesilleriniň kalbynyň töründe ebedilik orun tutupdyr. 

 

Toýly BABAÝEW,

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.