Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Ýaşlar üçin startap bäsleşigi geçiriler ✦ ✦ IT ulgamynda startap bäsleşigi geçirilýär ✦ ✦ TOHU-da ylmy-amaly maslahat geçirildi ✦ ✦ «Garaşsyzlyk ösüşleriň-özgerişleriň çeşmesidir» atly ylmy-amaly maslahat geçirildi ✦ ✦ Garaşsyzlygyň 34 ýyllygyna bagyşlanan ylmy-amaly maslahat ✦ ✦ «Startaplar we ekoulgamlar» atly seminar geçirildi ✦ ✦ Garaşsyzlyk — halkyň milli buýsanjy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — döwlet syýasatynyň berk sütünidir ✦ ✦ Ýurdumyzda ykdysady ösüşler ✦ ✦ Türkmenistanda täze etraplar döredildi ✦
Baş sahypa / Sport /SPORT OÝUNLARYNYŇ TARYHY
  10.10.2022
841
SPORT OÝUNLARYNYŇ TARYHY

- Welesport – sporty boýunça ilkinji ýaryşlar 1868-nji ýylda geçirilipdir. Häzirki wagtda welosport ýaryşlary 5 görnüşe bölünýär. Şasse we trek ýaryşlary, welokross, mauntin-baýk (dag welosipedi) hem-de BMX (welesiped motokrosy). Welosipedler XIX asyrda oýlanylyp tapylypdyr.

- Taekwondo – Koreý söweş sungatydyr. Onuň ady üç sözden «tae» – aýak, «kwon» – el we «do» – ýol sözlerinden gelip çykypdyr. Şeýlelik-de taekwondo diňe ýaragsyz özüňi goramak üçin döredilipdir.

- Kik-boksing – sporty geçen asyryň 60-njy ýyllarynda dörän sportuň iň ýaş görnüşleriniň biridir. Bu başa-baş söweş sporty Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda döredildi.

- Taýboks – dünýäde söweş sungatynyň iň netijeli we kämil usullarynyň biri bolup durýar. Başa-baş söweşiniň bu görnüşi boýunça ýaryşlary «Sekiz ellileriň bäsleşigi» diýip hem atlandyrýarlar.

- Sport tanslary – sportuň iň köpugurly görnüşleriniň biridir. Onda tans usullarynyň ýigrimä golaýy jemlenendir. Dünýä jemgyýetçiligi tanslary sport görnüşi hökmünde geçen asyryň 90-njy ýyllarynyň ahyrynda ykrar etdiler. Ýaryş mahalyndan türgenlerden hökmany suratda ýylgyrmak talap edilýär.

- Jiu-jitsu – ýapon başa-baş söweşiniň görnüşidir. Bu ugruň ösüş taryhy öz gözbaşyny XVI asyryň birinji ýarymyndan alyp gaýdýar. Jiy-jitsu terjime edilende , «Ýumşaklyk sungaty» ýa-da «Çeýe sungat» diýmegi aňladýar. Jiu-jitsunyň emelleri we ýörelgeleri sportuň dzýudo we aýkido ýaly meşhur ugurlarynyň döremegi üçin esas boldy.

 

Akgözel SAPARALYÝEWA,

Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.