Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ II Halkara matematika olimpiadasy dowam edýär ✦ ✦ ÝHHG-niň 50 ýyllygyna hem-de Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly mynasybetli forum ✦ ✦ Türkmenistan Kazanda geçiriljek “KazanForum” we “Halal Expo 2025”- e gatnaşar ✦ ✦ Ýurdumyzda II Halkara matematika olimpiadasy başlandy ✦ ✦ «AtaMekan» Terjime Merkezi: Mekdep okuwçylary we talyplar üçin ýeňillikler! ✦ ✦ "Ýylyň iň owadan ahalteke bedewi" bäsleşiginiň ikinji tapgyry geçirildi ✦ ✦ Katolik dünýäsiniň ruhy lideri aradan çykdy ✦ ✦ Paýtagtymyzda sportuň milli we alyş göreşi boýunça halkara ýaryş geçiriler ✦ ✦ Türkmenistan “TEIF 2025” forumynda maýa goýum mümkinçiliklerini tanyşdyrar ✦ ✦ Kiýewde Magtymguly muzeýiniň 50 ýyllygy dabaraly ýagdaýda bellenildi ✦
Baş sahypa / Sport /Sport - parahatçylygyň ilçisi
  08.11.2023
332
Sport - parahatçylygyň ilçisi

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe sport we olimpiýa hereketini höweslendirmek we ösdürmek, oňa ýaşlary işjeň çekmek, türkmenistanlylarda çagalyk ýyllaryndan başlap bedenterbiýe bilen meşgullanmaga höwesi artdyrmak, sagdyn durmuş ýörelgesiniň, zähmetsöýerligiň we döredijiligiň esasynda duran gymmatlyklary berkarar etmek ugrunda guwandyryjy işler durmuşa geçirilýär

 

Ýe­ri ge­len­de bel­le­sek, mil­li sport ul­ga­myn­da uly öz­gertme­le­riň ama­la aşy­ryl­ma­gy ne­ti­je­sin­de, öz üs­tün­lik­le­ri bi­len ýur­du­my­zyň dün­ýä gi­ňiş­li­gin­dä­ki ab­ra­ýy­ny has-da be­len­de gö­ter­mä­ge, sport ba­bat­da ga­za­ny­lan­la­ry pug­ta­lan­dyr­ma­ga sal­dam­ly go­şant goş­ma­ga taý­ýar ze­hin­li ýaş­la­ryň tä­ze nesli ke­ma­la gel­ýär. Şo­ňa gö­rä, döw­let Baş­tu­ta­ny­myz Türkme­nis­ta­nyň sport ul­ga­myn­da­ky bi­lim işi­ni mil­li tej­ri­bä­ni ne­ti­je­li ulan­mak bi­len bir­lik­de, dün­ýä­niň iň go­wy tej­ri­be­sini öz­leş­dir­mä­ge gö­nük­dir­ýär. Şun­da, aýratyn-da, türk­men spor­tu­ny tä­ze be­lent­lik­le­re çy­kar­ma­ga ýar­dam et­jek ýo­ka­ry hü­när­li hü­när­men­le­ri taý­ýar­la­ma­ga uly äh­mi­ýet be­ril­ýär. Şeý­le­lik­de, bu gün ýur­du­myz­da sport bi­len meş­gul­lan­ma­gyň bar­ha giň ge­ri­me eýe bol­ýan­dy­gy ýaş nes­liň sag­dyn dur­muş ýö­rel­ge­sini saý­lap al­ýan­dy­gy­na aý­dyň şa­ýat­lyk ed­ýär.

 

 

Ýurdumyz Halkara Olimpiýa komitetiniň, Aziýanyň Olimpiýa geňeşiniň agzasy bolmak bilen sporty köpçülikleýin ösdürmäge hem öz mynasyp goşandyny goşýar. Ýurdumyzda halkara ýaryşlarynyň guralmagy Türkmenistan döwletimiziň dünýäniň sport ulgamynda kämilleşmegine, bütin dünýäde türkmen sportuny äşgär etmäge, türgenleriň ussatlyklaryny ýokarlandyrmaga, esasan hem, ösüp gelýän ýaşlarda sporta bolan gyzyklanmany ösdürmäge, sportuň dürli görnüşlerini wagyz etmäge uly ýardam berýär.

 

 

Ýaş nesilleriň sport bilen meşgullanmaklary üçin häzirki wagtda ähli şertler döredilendir. Bu ugurda sport desgalary, sport mekdepleri, stadionlar ýaşlaryň hyzmatynda goýlandyr. Bu bolsa olaryň sport bilen has-da işjeň meşgullanmaklaryna oňat ýardam edýär. Şonuň ýaly-da, häzirki wagtda ýaşlaryň arasynda geçirilýän wagyz-nesihat çärelerinde milli terbiýäniň ähmiýeti, bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmagyň peýdasy düşündirilýär. Munuň özi ýaş nesilleriň terbiýesinde möhüm ähmiýete eýe bolup, olaryň sagdyn durmuş ýörelgelerine eýermeklerine kömek edýär.

 

 

Ymamnazar SERDAROW,
Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň
Energo-tehnologiýa fakultetiniň talyby.