logo

Latest news:
✦ Sagdyn ýaşaýyş tebigatdan başlanýar ✦ ✦ Ösümlik ýagynyň önümçiliginiň inçe syrlary ✦ ✦ Türkmenistanyň oba hojalygynda önümçilik kuwwaty yzygiderli ýokarlanýar ✦ ✦ Türkmenistan GDA ýurtlaryna pomidor eksport etmekde öňdebaryjy orun eýeleýär ✦ ✦ Duşenbe şäherinde Halk Maslahatynyň öňde boljak mejlisine bagyşlanyp maslahat geçirildi ✦ ✦ “IWISE Global Final London 2026” halkara bäsleşiginde Türkmenistanyň mekdep okuwçylary uly üstünlik gazandylar ✦ ✦ Ahalda “Ýigit” pomidor we paprika önümçiligini giňeldýär ✦ ✦ Mukaddes Garaşsyzlygyň 35 ýyllygy we Halk Maslahaty: Berkarar döwletiň beýik geljegine tarap ✦ ✦ Ahal miweleri «Erem» brendi bilen dünýä bazaryna çykýar ✦ ✦ Ahal welaýatynda senagat önümleri daşary ýurt bazarlarynyň ünsüni çekýär ✦
Home / Sports /Sport-sagdynlygyň açary
  23.02.2021
829
Sport-sagdynlygyň açary

      Ýurdumyzda durmuşa geçirilýän halkymyzyň alyp barýan parasatly we öňdengörjülikli syýasaty netijesinde Garaşsyz baky Bitarap Türkmenistan Watanymyz sagdynlygyň we ruhybeletligiň ýurdy hökmünde tutuş dünýäde giň meşgurlyga eýe boldy. Şonuň esasynda häzirki wagtda ýurdumyz günýä we sebit derejesinde iri sport ýaryşlarynyň merkezine öwrüldi. Şol sebäpli 2021-nji ýylyň oktýabr aýynda paýtagtymyz Aşgabat şäherinde ýerleşýän Olimpiýa şäherçesinde “Welotrek” boýunça dünýä çempionaty geçiriler. Bedenterbiýa we sport bilen meşgullanmagyň saglygyň gözbaşynda durýandygyny adamzadyň durmuş tejribesi subut edýär. Bu oňyngaraýyşdan ugur alyp ýurdumyzda bedenterbiýany we sporty ösdürmek ugrunda amala aşyrylýan işler ýaşlarymyzyň sagdyn we ruhybelent bolup ýetişmegine ýardam berýär. Sport bilen meşgullanmak üçin mümkinçilikleriň ýaşaýyş toplumlarynda hem göz öňünde tutulandygyny, olarda çagalaryň fudbol, tenis meýdançasynyň we beýlekileriň hereket edýändigi aýratyn bellemelidir, çünki sporta höwes sagdynlykdan döreýär. Sagdyn durmuşy kemala getirmek babatynda halypa türgenlermiziň hut özleriniň görkezýän nusgalyk göreldesi halkymyzy hasda ruhlandyrýar. Profesor mugallymlarymyzyň lukmançylyk ylmynda gymmatly gollanma öwrülen ylmy taýdan esaslandyrylan ajaýyp eserleri bolsa saglygy baş baýlyk hasaplaýan türkmen halkynyň ygtybarly hemrasydyr. Bu kitaplar saglyga, sagdynlyga uzaýan ýoluň açarydyr. Türkmen sportyny täze belentliklere çykarmaga ýardam etjek ýokary hünärli hünärmenleri taýýarlamaga uly ähmiýet berilýär.

       Häzirki döwürde Türkmenistanda sport bilen meşgullanmagyň has-da giň gerime eýe bolýandygy, ýaş nesiliň sagdyn durmuş ýörelgesini saýlap alýandygyna aýdyň şaýatlyk edýär. Ýurdumyzda BMG-nyň Baş assableýasynyň 3-nji iýuny “Bütündünýä welosipet güni” diýip yglan etmek baradaky ýörüte Kararnamasynyň kabul edilmegi, döwletimiziň sporty we bedenterbiýe sagaldyş hereketini ösdürmekde, olimpiýa gymmatlyklaryny wagyz etmekde gazanýan üstünliklerine halkara bileleşigi tarapyndan ýokary baha berilýändiginiň we ykrar edilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr. Ýurdumyzda ynsan saglygy hakyndaky aladany, sagdyn durmuş ýörelgesiniň iň möhüm kadalary bilen utgaşdyryp, halkymyzyň eşretli we bagtyýar durmuşda ýaşamagy ugrunda bimöçber tagallalar edilýär hem-de ýurdymyzda alynyp barylýan il-ýurt bähbitli tutumly işler elmyda rowaçlyklara beslensin!