logo

Latest news:
✦ Akylly ulgamlar maglumat tehnologiýalarynyň täze eýýamy ✦ ✦ Programmirleme we maglumat tehnologiýalary sanly geljegiň hereketlendiriji güýji ✦ ✦ GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirildi ✦ ✦ Londonda geçirilýän halkara bilim forumynda Türkmenistanyň bilim ulgamy tanyşdyryldy ✦ ✦ Dünýä kino sungatynyň esasy baýragynyň ýeňijisi belli bolar ✦ ✦ Global IT kompaniýalary 6G synaglaryna girişýär ✦ ✦ Kitap - paýhas hazynasynyň açary ✦ ✦ Ronda Şroder Aşgabatda ýaş telekeçiler bilen duşuşdy ✦ ✦ 2026-njy ýylyň şygary mynasybetli konsert geçirildi ✦ ✦ Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni ✦
Home / Sports /Sport — sagdynlygyň gözbaşy
  10.03.2025
1516
Sport — sagdynlygyň gözbaşy

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň iň gymmatly baýlygy bolan ynsan saglygyny gorap saklamak, ýaş nesliň geljekde beden we ruhy taýdan sagdyn, ruhubelent adamlar bolup yetişmegini gazanmak möhüm döwlet wezipeleriniň biri bolup durýar.

 

Sport diplomatiýasy we halkara sport gatnaşyklary häzirki wagtda iň netijeli ugurlaryň biri bolup durýar. Bu ugurda ýurdumyz özüne mahsus ýoluny saýlap, halkara hyzmatdaşlygy ösdürmekde täze mümkinçilikleri döredýär. Sport diplomatiýasy, dostlukly gatnaşyklaryň ilçisi hökmünde, döwletimiziň daşary syýasatynyň möhüm ugurlarynyň hatarynda durýar. Bu ulgamda ösüşleri gazanmak maksady bilen, «Türkmenistanda 2011-2020-nji ýyllarda bedenterbiýäni we sporty ösdürmek hem-de goldamak baradaky Milli maksatnama» üstünlikli durmuşa geçirildi.

 

Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly: «Sport hemmeler üçindir we her bir adam üçindir! Sebäbi sport diňe bir fiziki sagdynlyk däl, eýsem, ruhubelentligiň hem-de özüňi açyp görkezmegiň erkinligidir! Ol täze açyşlaryň, ýeňişleriň, mümkinçilikleriň we beýik maksatlaryň beýan bolýan giňişligidir!». Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe sport diplomatiýasy uly ösüşlere we belent sepgitlere sary ýöneldi. Hut şu sebäpli, bu diplomatiýanyň mümkinçiliklerini giňeltmek we halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak üçin daşary ýurtly hünärmenler, halkara bilermenler bilen netijeli hyzmatdaşlyk alnyp barylýar. Aşgabat şäheri bolsa häzirki wagtda iri halkara ýaryşlaryna we çempionatlara mynasyp derejede meýdança bolmak bilen, sebitde sport merkezi hökmünde tanalýar.

 

Ýurdumyzyň sport ulgamynyň geljegi strategiki maksatnama esasynda işlenilip taýýarlanyp, sportuň köpugurly ösüşine gönükdirildi. Bu tagallalar sporta berilýän ünsüň ýokarydygyny, ýaş nesli beden we ruhy taýdan sagdyn hem-de ruhubelent edip ýetişdirmek üçin ähli şertleriň döredilýändigini görkezýär.

 

Çary ANNANAZAROW,
Türkmenistanyň Oguz han adyndaky
Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň
Bedenterbiýe kafedrasynyň müdiri.