logo

Latest news:
✦ Akylly ulgamlar maglumat tehnologiýalarynyň täze eýýamy ✦ ✦ Programmirleme we maglumat tehnologiýalary sanly geljegiň hereketlendiriji güýji ✦ ✦ GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirildi ✦ ✦ Londonda geçirilýän halkara bilim forumynda Türkmenistanyň bilim ulgamy tanyşdyryldy ✦ ✦ Dünýä kino sungatynyň esasy baýragynyň ýeňijisi belli bolar ✦ ✦ Global IT kompaniýalary 6G synaglaryna girişýär ✦ ✦ Kitap - paýhas hazynasynyň açary ✦ ✦ Ronda Şroder Aşgabatda ýaş telekeçiler bilen duşuşdy ✦ ✦ 2026-njy ýylyň şygary mynasybetli konsert geçirildi ✦ ✦ Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni ✦
Home / Sports /SPORT — SAGDYNLYGYŇ SAKASY
  09.04.2020
929
SPORT — SAGDYNLYGYŇ SAKASY

       Ahal welaýatynda Bütindünýä saglyk gününiň dabaralary sagdynlygy we ruhubelentligi alamatlandyrýan baý many-mazmunly tomaşalara, sport-sagaldyş şüweleňlere we gyzykly ýaryşlara sapdy. Welaýatyň ähli obalaryndaky, şäherçedir şäherlerindäki sport desgalary şanly senä mahsus öwüşgine beslenip, olarda baýramçylyk dabaralary giň gerim aldy.  Änew şäheriniň sport mekdebi bolsa, welaýat derejesindäki baýramçylyk dabaralarynyň esasy merkezine öwrüldi.

       “Türkmenistan — sportuň, sagdynlygyň we ruhubelentligiň  mekany” ady bilen geçirilen  sport-sagaldyş dabarasy welaýat häkimligi, welaýatyň sport we ýaşlar syýasaty Baş müdirligi hem-de welaýatyň jemgyýetçilik guramalary tarapyndan bilelikde guraldy. Dabara gatnaşyjylar mekdebiň öňündäki giň meýdançada bedenterbiýe maşklaryny ýerine ýetirenlerinden soňra, döwrebap enjamlaşdyrylan sport zallarydyr meýdançalaryna bardylar. Olarda şol günki waka mynasybetli köpçülikleýin sport ýaryşlarydyr türgenleşiklere giň orun berildi.

      Küşt, şaşka, stol üstündäki tennis, woleýbol, futzal görnüşleri boýunça geçirilen ýaryşlara dürli ýaşdaky we kärdäki raýatlar gatnaşyp, ukyp-başarnygyny, erjelligini görkezdiler. Çekeleşikli geçen woleýbol ýaryşynyň netijesinde welaýatyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň işgärlerinden düzülen topar üstün çyksa, küştde, şaşkada welaýat häkimliginiň 6-njy başlangyç hünär okuw mekdebiniň, stol üstünde oýnalýan tennisde jemgyýetçilik guramalarynyň, futzalda Ak bugdaý etrap sport mekdebiniň toparlary ýeňiş gazandylar.

     Sportuň dürli görnüşleri boýunça ýaýbaňlandyrylan görkezme çykyşlary, türgenleşikler raýatlaryň sagdyn durmuş ýörelgelerine berk eýerýändikleri, sportda barha taplanýandyklary we sport-sagaldyş hereketlerine işjeň goşulýandyklary bilen baglanyşykly hakykata göz ýetirmäge mümkinçilik döretdi.