logo

Latest news:
✦ Akylly ulgamlar maglumat tehnologiýalarynyň täze eýýamy ✦ ✦ Programmirleme we maglumat tehnologiýalary sanly geljegiň hereketlendiriji güýji ✦ ✦ GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirildi ✦ ✦ Londonda geçirilýän halkara bilim forumynda Türkmenistanyň bilim ulgamy tanyşdyryldy ✦ ✦ Dünýä kino sungatynyň esasy baýragynyň ýeňijisi belli bolar ✦ ✦ Global IT kompaniýalary 6G synaglaryna girişýär ✦ ✦ Kitap - paýhas hazynasynyň açary ✦ ✦ Ronda Şroder Aşgabatda ýaş telekeçiler bilen duşuşdy ✦ ✦ 2026-njy ýylyň şygary mynasybetli konsert geçirildi ✦ ✦ Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni ✦
Home / Sports /SPORT SAGLYGYŇ GIREWIDIR
  11.04.2020
2192
SPORT SAGLYGYŇ GIREWIDIR

     Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe “Türkmenistan Bitaraplygyň mekany” ýylynda “Bütindünýä saglyk güni” mynasybetli beden-terbiýe sport we sagdyn durmuş – medeni çäreleri Türkmenistan döwletimiziň sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurdydygyny dünýä äşgär edýär. Garaşsyz Baky Bitarap Türkmenistan Watanymyzda halkymyzyň sagdyn we eşretli durmuşyny ösdürmek, özgertmek barada geçirilýän işler bedew bady bilen has-da rowaçlanýar. Türkmenistanda durmuşa geçirilýän işler, halkymyzyň saglygyny berkitmek boýunça amala aşyrýan beýik işleri, ilkinji nobatda, döwletimiziň ýöredýän durmuş syýasatyna, onuň kanunçylyk taýdan üpjün edilişine, lukmançylyk hyzmatlarynyň ugurlaryny kämilleşdirmäge her bir ynsanyň aň-düşünjesinde sagdyn durmuş ýörelgelerini we endiklerini, ruhy hem-de ahlak gymmatlyklaryny kemala getirmäge esaslanyp, halkyň saglygyna aýratynda ösüp gelýän ýaş nesilleriň sagdyn durmuş ýörelgelerine eýerip berk bedenli eziz Watanymyzyň ygtybarly geljegi bolup ýetişmeklerine gönükdirilendir.

      Türkmenistanda berk bedenli bolmakda üstünlikli netijeleri gazanmak ýaşlaryň esasy maksatlarynyň biri bolup durýar. Ýurdumyzda sporty ösdürmekde alnyp barylýan işleriň özeninde ýaş nesilleri sagdyn ruhda terbiýelemäge we olarda sporta bolan höwesi ýokarlandyrmaga, köpçülikleýin sport-sagaldyş hereketlerini kämilleşdirmäge, milli sport ulgamyny dünýä derejesine ýetirmäge gönükdirilen giň gerimli işler bar. Adamyň saglygy üçin sagdyn durmuş ýörelgelerine eýermegi, ýagny kadaly iýmitlenmegi, zyýanly endiklerden daşda durmagy, zähmet bilen dynç alşy sazlaşykly alyp barmagy, arassa howada işjeň hereket etmegi we sport bilen meşgullanmagy zerurdyr. Sport ynsanyň beden berkligine we ruhy kämilligine uly täsir edýär. Sport bilen yzygiderli meşgullanýan adamlaryň ömrüniň uzak bolýandygy, işde we durmuşda uly-uly üstünlikler gazanýandygy mälimdir. Şu nukdaýnazardan döwletimizde halkymyzyň sport-sagaldyş hereketlerini hemra edinmegi üçin ajaýyp şertler döredilýär. Ýurdumyzyň obalarydyr şäherlerinde sportuň dürli görnüşlerine niýetlenen, hemmetaraplaýyn amatlyklary bilen üpjün edilen sport toplumlarydyr sport mekdepleri gurlup, ulanmaga berilýär.

       Hereket sagdynlygyň sakasy, esasy gözbaşy hasaplanýar. Halk  köpçüligini sport-sagaldyş hereketlerine çekmek boýunça döwlet derejesinde alyp barýan işlerine bagtyýar ýaşlar işjeň gatnaşýarlar.