logo

Latest news:
✦ Akylly ulgamlar maglumat tehnologiýalarynyň täze eýýamy ✦ ✦ Programmirleme we maglumat tehnologiýalary sanly geljegiň hereketlendiriji güýji ✦ ✦ GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirildi ✦ ✦ Londonda geçirilýän halkara bilim forumynda Türkmenistanyň bilim ulgamy tanyşdyryldy ✦ ✦ Dünýä kino sungatynyň esasy baýragynyň ýeňijisi belli bolar ✦ ✦ Global IT kompaniýalary 6G synaglaryna girişýär ✦ ✦ Kitap - paýhas hazynasynyň açary ✦ ✦ Ronda Şroder Aşgabatda ýaş telekeçiler bilen duşuşdy ✦ ✦ 2026-njy ýylyň şygary mynasybetli konsert geçirildi ✦ ✦ Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni ✦
Home / Sports /Sport saglygyň girewidir
  12.10.2020
828
Sport saglygyň girewidir

      Türkmenistan bilen daşary ýurtlaryň arasyndaky ösýän gatnaşyklar sportda, ylym-bilim ulgamynda hem giň gerime eýedir. Şonuň netijesinde ýokary okuw mekdeplerimiz bilen dünýäniň belli ylym-bilim merkezleriniň arasyndaky bilelikdäki okuw taslamalary, maslahatlar muňa aýdyň mysal bolup biler. Häzirki döwürde ýokary derejeli ussat türgenleri taýýarlamak işine döwrebap tehnikadyr tehnologiýalar giňden ornaşdyrylýar. Sapaklarda interaktiw tehnologiýalary ulanmak talyplaryň okuwyna we aňynyň ösüşine takyk gönükdirilmek bilen, olaryň isleglerini, geljekki ösüş mümkinçiliklerini nazarda tutýar. Okuw işi nähili usulda guralsa-da talyplaryň okuw maksatnamalarynyň talaplaryny hökmany özleşdirmegini gazanmak zerurdyr. Şeýlelikde, tehnologiýalaryň üsti bilen olaryň akyl ýetiriş işjeňligi artýar, bilimleri berkidilýär, öz ýalňyşlaryny düzetmek başarnyklary gazanylýar.               Türgenleriň taýýarlygyna belli bir derejede dahylly sport psihologlaryny, lukmanlary, terjimeçileri taýýarlamak hem döwrüň derwaýys meseleleriniň hataryna girýär. Biz şu makalamyzda sport ulgamyna hyzmat etjek filologlary – terjimeçileri, daşary ýurt dilini bilýän sport guramaçylaryny we türgenleri taýýarlamak barada gürrüň etmegi makul bildik. Türgenleriň hakyky durmuş pursatlaryny sapaklarda ülňüleşdirmek (modelirlemek), sözleýiş gepleşiklerine gatnaşmak we halkara adalgalar görnüşinde ulanylýan sözleri dogry aýtmagy öwrenmek tutanýerliligi we köp zähmeti talap edýär. Türgenlere bilim bermekde elektron gollanmalary döretmegiň we olardan peýdalanmagyň uly ähmiýeti bardyr. Bu gollanmalara dürli görnüşli tekstler, ýumuşlar, gönükmeler, sözlükler, sözleri işjeňleşdirmäge niýetlenen gönükmeler, sportyň dürli görnüşleri bilen bagly şekiller we suratlar girizilip bilner. Elektron gollanmanyň özenini düzýän sport bilen bagly tekstleri seçip almak esasy meseledir.