logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Sports /Sport saglygyň gözbaşy
  21.03.2020
970
Sport saglygyň gözbaşy

      Gurulyp ulanmaga berilen Sport mekdebi etrabyň ýaşlarynyň we saglygyna seredip sagdyn durmuş ýollaryny ýöredýän raýatlarymyzyň esasy barýan ýeriniň birine öwürildi. Bu mekdepde sportyň öran köp görnüşleri bolup, türkmen göreşi, grek-rim göreşi, sambo, kiçi we uly futbol, wolleýbol, tennis, boks, küşt we başga-da birnäçe sportuň görnüşlerinden ussat tälimçiler yzygiderli türgenlere sapaklary geçýändikerini görmek bolýar. Şeýle-de bu mekdepde ähli zerur şertler döredilen trenažor zaly hem gurnalan. Mekdebiň dag eteginde ýerleşmegi açyk meýdançasynda türgenleşilýän döwri howanyň has arassa bolmagy bilen hem göwnüňi göterýär. Bu mekdebiň ýolbaşçylary ýaş türgenleriň arasynda yzygiderli sport bäsleşilkerini gurnap, ýaşlaryň sporta bolan höweslerini hasda beýgeldýärler.

       Mundan başga-da 2017-nji ýylda Aşgabat şäherinde geçirilen ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna Ahal welaýatynyň Bäherden etrabyndan gatnaşyp baýrakly orunlara mynasyp bolan türgenler Hurma Weliýewa we Şihazberdi Öwelekow dagylar hem şu mekdebiň okuwçylary bolup durýarlar. Bu turgenleriň suratlary mekdebiň hormat tagtasynda ýerleşdirilen.