logo

Soňky täzelikler:
✦ Bitaraplyk — türkmen halkynyň synmaz ýoly ✦ ✦ Dil bilen dünýäni gezer ✦ ✦ Ýaşlar — Watanymyzyň geljegi ✦ ✦ Bilim bermekde okuwçynyň pikirleniş ukybyny ösdürmek möhümdir ✦ ✦ Garabogaz - Gazagystan serhetýaka awtomobil ýolunyň 44 kilometrlik bölegi açyldy ✦ ✦ Daşoguzda ýylda 700 müň tonna azotly dökün öndürjek toplum gurlar ✦ ✦ Daşoguzda pagta çigidini gaýtadan işleýän täze kärhana gurlar ✦ ✦ Aşgabat - Daşoguz awtomobil ýoly täze tapgyrda ulanylmaga beriler ✦ ✦ Daşoguz welaýatynda ulag we senagat ösüşiniň täze taslamalaryna badalga berildi ✦ ✦ Ykdysadyýetiň görnüşleriniň ösüşi ✦
Baş sahypa / Dünýäde /Stambulyň Beýoglu şäherinde partlama boldy
  14.11.2022
1108
Stambulyň Beýoglu şäherinde partlama boldy

Näbelli bir sebäplere görä, Stambulyň merkezindäki Beýoglu şäherinde partlama boldy. Partlama sebäpli 6 adam aradan çykdy we öldi, 81 adam ýaralandy.

Polisiýa wakanyň bolan ýerini şeýle-de Taksim meýdançasyny awtoulaglar we pyýadalar üçin petikledi. Häzirki wagtda, dikuçar arkaly howpsuzlyk maksady bilen asmandan hem gözegçilik ýola goýuldy.

Stambulyň Baş prokuraturasy we Stambulyň Jenaýat býurosy tarapyndan partlama bilen baglanyşykly derňew işine başlady.Wakanyň bolan ýerini wideo düşürmek şeýle-de galp maglumatlary ýaýlyma bermek gadagan edildi.