logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / In the world /«Starlink» Aziýa ýurtlarynyň birinde ulanylyşa berildi
  12.10.2022
1148
«Starlink» Aziýa ýurtlarynyň birinde ulanylyşa berildi

Dünýäniň iň baý adamy Elon Musk-yň ýolbaşçylygyndaky kosmos kompaniýasy «SpaceX», arzan we çalt hemra internetini dünýäniň ähli ýerinde elýeter etmek maksady bilen 2019-njy ýylda «Starlink» taslamasyny durmuşa geçirdi. Şu nukdaýnazardan şu wagta çenli orbita 3500 töweregi hemra uçuryldy we «Starlink» köp ýurtda hyzmat edip başlady. Golaýda, Elon Musk Eýranda hemralaryny işjeňleşdirdi.

Indi, «Starlink» hyzmatynyň başga bir ýurtda hem hödürlenip başlandygy mälim edildi. «SpaceX»-iň sosial media hasabynda beren beýanatynda kompaniýanyň emeli hemra internet hyzmatynyň Ýaponiýada elýeterli bolandygy mälim edildi. «SpaceX» - Ýaponiýanyň «Starlink» hyzmatyny alyp başlan ilkinji Aziýa ýurtdygyny habar berdi.

Ýaponiýanyň goňşy döwleti Hytaý Halk Respublikasy bolsa «Starlink» hyzmatynyň ýurtda hökmany däldigini aýtdy.

«SpaceX» kompaniýasy ýokary tizlikli we giň zolakly interneti Aziýadaky käbir ýurtlara tölegli etjekdigini belläp geçdi.

 

Annageldi BAÝRAMOW,

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky
Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň
Himiýa tehnologiýasy we ekologiýa fakultetiniň
Nebiti we gazy gaýtadan işlemegiň himiki tehnologiýasy
hünäriniň bakalawr taýýarlygynyň 1-nji ýyllyk talyby.