logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Science and Education /«Startaplar we ekoulgamlar» atly seminar geçirildi
  23.09.2025
2437
«Startaplar we ekoulgamlar» atly seminar geçirildi

Şu gün Aşgabat şäherindäki Demir ýol ulaglary orta hünär okuw mekdebinde «Startaplar we ekoulgamlar» atly çäre geçirildi. Seminaryň maksady ýaşlaryň startap taslamalaryna, işewürlige başlamagyna goldaw bermek we ykdysady ekoulgamlar baradaky düşünjeleri ösdürmekden ybarat boldy.

 

Çäre Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Aşgabat şäher komiteti bilen okuw mekdebiniň bilelikde guramagynda geçirildi. Onda “Ýaş telekeçiler” merkeziniň utgaşdyryjysy Merdan Ataýew çykyş edip, ýaş telekeçilige degişli mümkinçilikler we täze taslamalaryň ösüşi barada çykyş etdi.

 

Seminardan soň gatnaşyjylar sorag-jogap görnüşinde öz pikirleri bilen paýlaşdylar. Şeýle çäreler ýaşlaryň döredijilikli pikirlenmegini we telekeçilik başlangyçlaryny höweslendirmekde möhüm ähmiýete eýedir.