logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Health /Şu gün - Bütindünýä rak keseline garşy göreş güni!
  04.02.2023
1630
Şu gün - Bütindünýä rak keseline garşy göreş güni!

2005-nji ýyldan bäri her ýylyň 4-nji fewralynda Halkara rak keseline garşy bileleşik (UICC) tarapyndan, Bütindünýä rak keseline garşy göreş güni bellenilýär.

Bu senäniň maksady, howply bolan rak keseli meselesine dünýä jemgyýetçiliginiň ünsüni çekmek, häzirki wagtda rak keseliniň nähili howply we giň ýaýrandygyny ýatlatmak hem-de ölüm howpuny ep-esli azaltmak bolup durýar.

Belläp geçsek, rak bedeniň islendik bölegine täsir edip biljek 100-den gowrak keseliň umumy aňlatmasydyr. Bu keseliň alamatlaryndan biri, adaty çäklerinden çykýan anomal öýjükleriň çalt emele gelmegidir. Häzirki wagtda dünýäde rak keselinden soň durnuksyz 44 million töweregi adam bar.