logo

Latest news:
✦ Parahatçylygyň mizemez binýady ✦ ✦ Ahalda hasylly ösüş ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň Azerbaýjanyň ykdysadyýet ministri bilen duşuşygy ✦ ✦ Halkymyzyň buýsanjy — ýylymyzyň şany ✦ ✦ Ýylymyza bagyşlanan dabaraly mejlis ✦ ✦ Ýaşlaryň elektron žurnalynyň täze sany çap edildi ✦ ✦ Şatlyga beslenýän «Awaza» ✦ ✦ Türgenlerimiziň Aziýa çempionatynda gazanan nobatdaky ýeňişleri ✦ ✦ Koreýanyň KHBS-niň wekilleriniň ýurdumyza sapary ✦ ✦ Türkmen sungat ussatlary Özbegistanda geçirilen halkara makam sungaty forumynda ýeňiji boldular ✦
Home / Culture /Şu gün paýtagtymyzda Medeniýet hepdeligi badalga aldy
  22.06.2023
881
Şu gün paýtagtymyzda Medeniýet hepdeligi badalga aldy

Şu gün paýtagtymyzda ýerleşýän Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde Medeniýet hepdeligi uly toý-dabara bilen açyldy. Dabaranyň başynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Medeniýet hepdeligine gatnaşyjylara iberen Gutlagy okaldy.

Ýurdumyzyň medeniýet we sungat ussatlarynyň baýramçylyk çykyşlary açylyş dabarasynyň bezegi boldy. Welaýatlardan gelen halypa bagşylardyr aýdymçylaryň, folklor we tans toparlarynyň çykyşlary dabara gatnaşyjylarda uly täsir galdyrdy.

Dabaranyň dowamynda Türkmenistanyň halk artisti Jemal Saparowanyň, Annaguly Myratdurdyýewiň, Gülşat Gurdowanyň, Parahat Amandurdyýewiň, Züleýha Kakaýewanyň, Sahydursun Hojakowanyň, Türkmenistanyň at gazanan artisti Guwanç Ýazmämmedowyň türkmen halkynyň Milli Lideriniň «Aşgabat» atly ajaýyp aýdymyny bilelikde ýerine ýetirmekleri toý şatlygyny has-da artdyrdy.

Şowhunly geçen baýramçylyk dabarasy milli küştdepdi tansymyzyň ýerine ýetirilmegi bilen jemlenildi.

Ýeri gelende belläp geçsek, mukamlar köşgüniň kaşaň eýwanynda şekillendiriş we amaly-haşam sungatynyň eserleriniň, muzeý gymmatlyklarynyň, kitap we neşir önümleriniň sergisi guraldy.