logo

Latest news:
✦ Parahatçylygyň mizemez binýady ✦ ✦ Ahalda hasylly ösüş ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň Azerbaýjanyň ykdysadyýet ministri bilen duşuşygy ✦ ✦ Halkymyzyň buýsanjy — ýylymyzyň şany ✦ ✦ Ýylymyza bagyşlanan dabaraly mejlis ✦ ✦ Ýaşlaryň elektron žurnalynyň täze sany çap edildi ✦ ✦ Şatlyga beslenýän «Awaza» ✦ ✦ Türgenlerimiziň Aziýa çempionatynda gazanan nobatdaky ýeňişleri ✦ ✦ Koreýanyň KHBS-niň wekilleriniň ýurdumyza sapary ✦ ✦ Türkmen sungat ussatlary Özbegistanda geçirilen halkara makam sungaty forumynda ýeňiji boldular ✦
Home / Economics /Şu günki yhlas – ertirki bereket
  25.01.2022
565
Şu günki yhlas – ertirki bereket

Gyşda oba hojalyk tehnikalaryna azda-kände “dynç berilýän” hem bolsa, etrabyň tehniki hyzmat ediş kärhanasynda iş az däl. Ak donuny geýnip gelen gyş göz açyp-ýumasy salymda geçer gider. Bahar geler hem welin, ene topragyň süýji aladalary täzeden başlanar. Onsoň gyşda-da iş ýetik, sürüm diýersiň, tekizleýiş diýersiň, garaz, tehnikanyň geregi çykyp dur. Munuň üçin tehniki hyzmat ediş kärhanasynyň saz işlemegi ilkinji zerurlyk bolup orta çykýar.

Häzirki wagtda tehniki hyzmat ediş kärhanalarynyň ýa-da aňyrsy gözýetime çenli uzalyp gidýän atyzlaryň haýsy birine barsaň hem döwrebap “John Deere”-lerdir “Case”-lere ýa-da “Claas”-lara gözüň düşýär. Olar bilen birlikde, Belarus, Özbegistan ýaly dostlukly döwletlerden alnan tehnikalar hem ene topragyň berekedine bereket goşup ýör.

Etrabyň tehniki hyzmat ediş kärhanasyna we daýhan birleşiklerine degişli bolan dürli görnüşdäki gurallar şu günler ýene-de bir gezek täzeden gözden geçirilýär. Bu kärhananyň işgärleriniň çekýän tutanýerli zähmeti netijesinde möwsümde işlediljek gowaça ekişi hem-de gowaça bejergisinde ulanyljak kultiwatorlar hem taýýar edilýär. Olaryň möwsüme häzirden taýýarlanylmagy işleriň bökdençsiz bolmagyny üpjün eder. Oba hojalyk gurallary üçin zerur bolan ätiýaçlyk şaýlary bilen yzygiderli üpjün edilýär. Kärhananyň özünde hem olaryň aglabasyny abatlamaga doly mümkinçilikleri bar.

Daýhanyň arka daýanjyna öwürilen tehnikalara eýeçilik gözleri bilen seretýärler.