logo

Latest news:
✦ Akylly ulgamlar maglumat tehnologiýalarynyň täze eýýamy ✦ ✦ Programmirleme we maglumat tehnologiýalary sanly geljegiň hereketlendiriji güýji ✦ ✦ GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirildi ✦ ✦ Londonda geçirilýän halkara bilim forumynda Türkmenistanyň bilim ulgamy tanyşdyryldy ✦ ✦ Dünýä kino sungatynyň esasy baýragynyň ýeňijisi belli bolar ✦ ✦ Global IT kompaniýalary 6G synaglaryna girişýär ✦ ✦ Kitap - paýhas hazynasynyň açary ✦ ✦ Ronda Şroder Aşgabatda ýaş telekeçiler bilen duşuşdy ✦ ✦ 2026-njy ýylyň şygary mynasybetli konsert geçirildi ✦ ✦ Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni ✦
Home / Poetry /Şu Watana gulluk tamamlanmaýar
  16.01.2020
970
Şu Watana gulluk tamamlanmaýar

       Oguz han, Alp-Arslan, Mälik şa, Soltan-Sanjar, Gorkut ata, Baýram han, Seýitnazar-Seýdi, Görogly beg ýaly ençeme türkmeniň merdena ogullary owal ahyr Watan diýen sözüň özünden güýç tapypdyrlar. Ynha Hormatly Prezidentimize iş saparlarynyň birinde daşary ýurt habarçylarynyň biri;
       -Sanlyja ýyllaryň dowamynda türkmen diýen ady dünýä tanadyňyz. Iň çalt ösýän, öňde barjy ýurtlaryň sanawyna aňsatlyk bilen goşuldyňyz. Halkyň hal-ýagdaýy barha bolelinlige ýykgyn edýär. Bu size nädip başartdy-diýip, sowal berlende Hormatly Prezdentimiz buýsanç bilen:

       -Men halkymdan güýç alýan-diýip jogap berdi. Hawwa Watan seniň taryhyňda hemişe mert ýigitleriň sanawyňda ýatlanjak Watan ogullarynyň ýene biri Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow. Uç gyraksyz çöller birje gysym çägeden, deňizler ,derýalar  damjadan, dünýäniň iň uly baglarynyň kiçijek şänikden, sanlaryň başynyň noldan başlanylşy ýaly, hemişe iň uly derejeler kiçijek üstünliklerden başlanýar. Bu günki gün biziň her birimiz ählije zady öz maşgalamyzdan başlamaly. Çünki maşgala bu –kiçijek döwletdir. Ýurdymyzyň ähli ugrlarynda zähmet çekýän adamlar öz işlerini yhlasly, tamamlanlarynda, üstinlikler yzyly-yzyna sepleşip ullakan bir derejäni emele getirýär. Türkmen halkyna halal zähmet çekip, bolelin durmuşyň hözürini görmek üçin Hormatly Prezidentimiz ähli mümkinçilikleri döredip berdi. Şeýle bagtyýar zamananyň esasy sütini bolsa parahatlykdyr. Taryhda türkmenler diýilende hemişe söweşiji halky suratlandyrýarlar. Häzirki wagtda bolsa Türkmenistan ýaşamak üçin iň asuda ýurtlaryň biri hasaplanylýar. Çünki biziň ata-babalarmyz diňe şu watan üçin söweşipdirler. Parahatçylyk üçin gyl ýaly bedewini, nepis halysyny, hatda nowjuwan gyzlarynam bagyş edipdirler. Emma Watanyň ýeke daban topragy üçin jandan geçmäge taýyn bolan adamlar olar biziň ata-babalarmyz. Watan söýjülik biziň ganymyzda bar. Ençe gowgalary başyndan geçiren türkmen topragynda bu günki gün asudalyk höküm surýär. Her nämede bolsa, goragsyz asuda saba bolmaýar. Türkmenistanyň çar künjündäki araçäklerinde türkmen ýigitler gije-gündiz watan  goragynda sak durýar. Asly halal ojakdan, kasamyna wepaly türkmen ýigitleri özleriniň watan öňündäki gulluklaryny mukaddes borç hasaplaýar. Hut şonuň üçinem Asuda asmanda türkmeniň baýdagy erkana parlaýar. Türkmen baýdagyny her öň ýetene göterden däldir. Ata ýurdunyň baýdagyny göterýän ogullar özlerini iň bagtly adamlar hasplaýarlar. Asuda Watanmyzyň goragçylary-siz bu ýurdyň galasy. Häzirki zaman harby tehnikalary milli Goşunyň ganaty. Hormatly Prezidentimiz, Ýaragly Güýçlerimiziň Belent Serkerdebaşysy,goşun Generaly Gurbanguly Berdimuhammedow ol ganatyň berk bolmagy barada yzgiderli atalyk aladalaryny edýär.