logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Science and Education /Şu ýyl 1-nji synpa barjak 160 müň okuwça öwrediji kompýuter sowgat berler
  23.08.2022
1328
Şu ýyl 1-nji synpa barjak 160 müň okuwça öwrediji kompýuter sowgat berler

Häzirki wagtda ýurdumyzda täze okuw ýylyna giň gerim bilen taýýarlyk görülýär. Mekdeplerde abatlaýyş işleri geçirildi. Käbir synp otaglaryna täze mebelller, partalar, oturgyçlar, multimediýa enjamlary alyndy. 

 

 

Her ýyl däp bolşy ýaly şu ýyl hem täze okuw ýylynyň başynda birinji synpa gidýän körpeleriň müňlerçesine Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň adyndan okuwçy noutbuklary gowşurylar. Ýeri gelende belläp geçsek, 2011-nji ýyldan bäri her ýyl ýurdumyzyň mekdeplerine ilkinji gezek gadam basýan okuwçylara Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan kompýuterler sowgat berilýär.

 

 

Häzirki wagtda «Aýdyň gijeler» hojalyk jemgyýetinde we «Agzybirlik tilsimaty» hususy kärhanasynda «Bilimli» haryt nyşanly öwrediji kompýuterler öndürilýär. Bu  kompýuterleriň 200-e golaý okuw funksiýasy bar. Onuň içinde başlangyç synp üçin üç dilde — türkmen, rus, iňlis dillerinde ýörite meýilnamalaýyn sapaklar ýerleşdirilen. Noutbuk 2 GB RAM-a, 32 GB içerki ýada eýe bolup, onda okuw sapaklarynyň elektron görnüşi jemlenendir.Olar täze okuw ýylynyň başyna çenli Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň buýurmasyny ýerine ýetirerler. Netijede, şu ýyl 1-nji synpa barjak 160 müň okuwça öwrediji kompýuter sowgat berler.