logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / In the world /Şu ýyl - «Camry» 40 ýaşaýar!
  06.02.2023
1382
Şu ýyl - «Camry» 40 ýaşaýar!

Şu ýyl ýagny, 2023-nji ýylda meşhur ýapon awtomobil öndüriji «Toyota» kompaniýasynyň «Camry» modelleriniň çykarylyp başlananyna 40 ýyl dolýar. Şanly sene mynasybetli kompaniýa bu modeliň ýörite ýubileý nusgasyny çykarmagy maksat edinýär.

Ýakynda, ýapon awtomobil öndürijisi özüniň «Camry» modeliniň şu ýylda çykjak nusgasy bilen tanyşdyrdy. Satuwa goýberilmegi meýilleşdirilýän ulag nusgasy «Nightshade Special Edition» diýlip atlandyrylýar. Bu nusgadaky ulaglar ak, «ýarygije garaňkylygy» we «suw howdanynyň göklügi» diýlip atlandyrylýan reňk görnüşlerinde öndüriler. Täze görnüşli ulaglar öňki ýyllardakydan özüniň gara aýnasy, radiatorynyň öňündäki torly bamperi, garaldylan faralary we yzky çyralary, bürünç reňkli diskleri bilen tapawutlanar.