logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Economics /Şu ýyl «Ýewropa Bileleşigi – Merkezi Aziýa» ykdysady forumy Almaty şäherinde geçiriler
  15.02.2023
969
Şu ýyl «Ýewropa Bileleşigi – Merkezi Aziýa» ykdysady forumy Almaty şäherinde geçiriler

Gazagystanyň Almaty şäherinde şu ýyl «Ýewropa Bileleşigi – Merkezi Aziýa» ykdysady forumy geçiriler diýip, Gazagystanyň Daşary işler ministri Muhtar Tleuberdi bilen ÝB-niň Daşary gatnaşyklar we howpsuzlyk syýasaty boýunça ýokary wekili Žosep Borrelliň bilelikdäki beýanatynda aýdylýar. Bu barada Gazagystanyň Daşary işler ministrliginiň resmi metbugaty penşenbe güni habar berdi.

Gazagystan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli ýaýradylan bilelikdäki metbugat beýanatynda, taraplar hyzmatdaşlygyň berk we geljegi uly binýadyny döretmek, şeýle hem Merkezi Aziýada asudalyk we durnukly ösüş üçin zerur bolan sebitleýin gepleşikleri güýçlendirmek isleýändiklerini tassykladylar.

Mundan başga-da, beýanatda taraplaryň soňky 30 ýylyň dowamynda birek-birege hormat goýmak we ynam ýörelgelerine esaslanýan hyzmatdaşlygy ýola goýmagy başarandyklary beýan edilýär.

Belläp geçsek, «Ýewropa Bileleşigi – Merkezi Aziýa» ykdysady forumy 2021-nji ýylda Gyrgyzystanyň paýtagty Bişkek şäherinde geçirildi. 

 

Jajy JAJYÝEW,

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk 
institutynyň talyby.