logo

Latest news:
✦ Sagdyn ýaşaýyş tebigatdan başlanýar ✦ ✦ Ösümlik ýagynyň önümçiliginiň inçe syrlary ✦ ✦ Türkmenistanyň oba hojalygynda önümçilik kuwwaty yzygiderli ýokarlanýar ✦ ✦ Türkmenistan GDA ýurtlaryna pomidor eksport etmekde öňdebaryjy orun eýeleýär ✦ ✦ Duşenbe şäherinde Halk Maslahatynyň öňde boljak mejlisine bagyşlanyp maslahat geçirildi ✦ ✦ “IWISE Global Final London 2026” halkara bäsleşiginde Türkmenistanyň mekdep okuwçylary uly üstünlik gazandylar ✦ ✦ Ahalda “Ýigit” pomidor we paprika önümçiligini giňeldýär ✦ ✦ Mukaddes Garaşsyzlygyň 35 ýyllygy we Halk Maslahaty: Berkarar döwletiň beýik geljegine tarap ✦ ✦ Ahal miweleri «Erem» brendi bilen dünýä bazaryna çykýar ✦ ✦ Ahal welaýatynda senagat önümleri daşary ýurt bazarlarynyň ünsüni çekýär ✦
Home / Sports /Şu ýylyň sentýabrynda Türkmenistanda «Amul ― Hazar 2024» halkara ralli-reýdi geçiriler
  03.04.2024
846
Şu ýylyň sentýabrynda Türkmenistanda «Amul ― Hazar 2024» halkara ralli-reýdi geçiriler

Şu ýylyň 9 ― 15-nji sentýabry aralygynda Türkmenistanda «Amul ― Hazar 2024» halkara ralli-reýdini geçirmek meýilleşdirilýär. Bu barada ýakynda Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň wekiliýetiniň Türkmenistana bolan iş saparynyň çäklerinde teklip berildi.


 

Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanda geçirilen iri halkara ýaryşlaryň tejribesinden ugur alyp, bu halkara ýaryşy ýurtda geçirmek meselesini ara alyp maslahatlaşmak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidentiniň 21-nji martda çykaran Karary bilen «Amul ― Hazar 2024» halkara awtoralli ýaryşyny geçirmek baradaky Guramaçylyk topary döredildi we onuň düzümi tassyklanyldy.


 

Şeýle hem Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komiteti we Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi tarapyndan bu ýaryşy geçirmek boýunça iş alyp barjak «Ýüpek ýoly» halkara ralli taslamasynyň ýolbaşçylary bilen degişli işler alnyp baryldy.


 

Halkara ralli ýaryşyna Ýer ýüzüniň 10 ― 15 döwletinden 45-e ýakyn ekipažyň gatnaşmagyna garaşylýar. Türkmenistanda ilkinji «Amul ― Hazar» awtorallisi 2018-nji ýylda geçirilipdi.

 

Muhammadsalyh BEGJANOW,
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we 
informatika institutynyň talyby.