logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Economics /ŞÜDÜGAR SÜRÜMI – TENEKAR
  16.01.2020
950
ŞÜDÜGAR SÜRÜMI – TENEKAR

      Ahal welaýatynyň Tejen etrabynyň pagtaçy kärendeçileri ekerançylyk meýdanlaryndan ýokary hilli önüm almakda ekin çalşygyndan hem-de dolanşygyndan netijeli peýdalanmaga çalyşýarlar. Olar geçen möwsümde pagtadan boşan ýerlerde şüdügär sürümini geçirmek, täze ýylyň gowaça ekişine taýýarlyk görmek işlerine köpçülikleýin girişdiler. Bu işde Gahryman Arkadagymyzyň daýhana sowgat eden – daşary ýurtlardan satyn alyp beren kuwwatly sürüm traktorlary daýhanyň arkadaýanjyna öwrüldi.

      Etrap häkimligi tarapyndan ýörite düzülen meýilnamalar esasynda alnyp barylýan bu işe degişli hünärmenleriň gatnaşdyrylmagy, mundan başga-da ol işlere kärendeçi daýhanyň hut özüniň gözegçilik etmegi, ol ýerdäki işleriň has hem ilerlemegine, hiliniň ýokary bolmagyna täsir edýär.

      Sürüm işlerine gatnaşyjylara göwnejaý medeni-durmuş şertleriniň ýola goýulmagy, tehnikalara iş üstündäki hyzmatlaryň amala aşyrylmagy öndürijiligiň özeni bolup durýar.