logo

Latest news:
✦ Parahatçylygyň mizemez binýady ✦ ✦ Ahalda hasylly ösüş ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň Azerbaýjanyň ykdysadyýet ministri bilen duşuşygy ✦ ✦ Halkymyzyň buýsanjy — ýylymyzyň şany ✦ ✦ Ýylymyza bagyşlanan dabaraly mejlis ✦ ✦ Ýaşlaryň elektron žurnalynyň täze sany çap edildi ✦ ✦ Şatlyga beslenýän «Awaza» ✦ ✦ Türgenlerimiziň Aziýa çempionatynda gazanan nobatdaky ýeňişleri ✦ ✦ Koreýanyň KHBS-niň wekilleriniň ýurdumyza sapary ✦ ✦ Türkmen sungat ussatlary Özbegistanda geçirilen halkara makam sungaty forumynda ýeňiji boldular ✦
Home / In the world /Sues kanalyndaky gämi gatnawy 15 göterim ýokarlandy
  24.12.2022
1027
Sues kanalyndaky gämi gatnawy 15 göterim ýokarlandy

Sues kanalynyň administrasiýasy metbugat ýygnagynda 2022-nji ýyldaky gämi gatnawy barada maglumatlary paýlaşdy. Administrasiýa Sues kanalyndan geçýän gämileriň sanynyň geçen ýyl bilen deňeşdirilende 15 göterim ýokarlandygyny belläp, şu ýyl jemi 23 müň gäminiň kanaldan peýdalanandygyny aýtdy.

Şunlukda kanaldan gelýän girdeji 25 göterim ýokarlanyp, 2022-nji ýylda gazanylan girdejiniň 8 milliard dollara barabar boldy.

Müsüriň Mejlisi şu ýylyň 20-nji dekabrynda Sues kanalynyň administrasiýasy şu ýylyň Sues kanalynyň emläklerini satmaga we kärendesine almaga rugsat berýän «jedelli kanun taslamasyny» tassyklady. Kanun taslamasy administrasiýanyň girdejisine goşant goşmak we maýa goýumlarynda durnukly ösüşi üpjün etmek maksady bilen gaznany döretmegi maksat edinýär.

Kanun taslamasy güýje giren ýagdaýynda administrasiýasa «edaranyň esasy we gozgalýan emläklerini satmaga, satyn almaga, kärendesine bermäge, edaranyň geljegi üçin peýdalanmaga» rugsat beriljekdigi göz öňünde tutulýar.

Belläp geçsek, 1869-njy ýylyň 17-nji noýabrynda açylan kanalyň gurluşygy 10 ýyl dowam etdi. Kanalyň gurluşygynda 1 milliondan gowrak müsürli işledi. Ortaýer deňzi bilen Gyzyl deňzi birleşdirýän 193 kilometrlik kanalyň ini 220 metr, çuňlugy bolsa 24 metrdir. 

 

Atajan MYLKYÝEW,

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň mugallymy.