logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Society /Sumbarda we Çendirde nar hasyly ýygnalyp başlandy
  13.10.2022
843
Sumbarda we Çendirde nar hasyly ýygnalyp başlandy

Magtymguly etrabynyň Sumbar we Çendir jülgeleri nary ösdürip ýetişdirmekde meşhurdyr. Dag derelerinde, Sumbar derýasynyň boýlarynda ýabany ösýän nar agaçlarynyň aýratyn görnüşleri Türkmenistanyň Gyzyl kitabyna girizilendir. Etrabyň kärendeçi bagbanlary we telekeçileri nary köpçülikleýin ösdürip ýetişdirýärler. Sebitde ösdürilip ýetişdirilýän naryň her bir görnüşi biri-birinden gabygynyň galyňlygy, dänesiniň gaty-ýumşaklygy, miwesiniň turşulygy, süýjüligi, tagamlylygy, yssa, sowuga hem-de kesellere durnuklylygy boýunça tapawutlanýarlar.

Häzirki wagtda etrabyň kärendeçi bagbanlary bitginli nar hasylyny ýygmak işlerini guramaçylykly alyp barýarlar. Ýeri gelende aýtsak, şu ýylyň başyndan bäri etrap boýunça 680 tonna golaý dürli miweler ýygnalyp, satuwa ugradyldy.