logo

Latest news:
✦ Sagdyn ýaşaýyş tebigatdan başlanýar ✦ ✦ Ösümlik ýagynyň önümçiliginiň inçe syrlary ✦ ✦ Türkmenistanyň oba hojalygynda önümçilik kuwwaty yzygiderli ýokarlanýar ✦ ✦ Türkmenistan GDA ýurtlaryna pomidor eksport etmekde öňdebaryjy orun eýeleýär ✦ ✦ Duşenbe şäherinde Halk Maslahatynyň öňde boljak mejlisine bagyşlanyp maslahat geçirildi ✦ ✦ “IWISE Global Final London 2026” halkara bäsleşiginde Türkmenistanyň mekdep okuwçylary uly üstünlik gazandylar ✦ ✦ Ahalda “Ýigit” pomidor we paprika önümçiligini giňeldýär ✦ ✦ Mukaddes Garaşsyzlygyň 35 ýyllygy we Halk Maslahaty: Berkarar döwletiň beýik geljegine tarap ✦ ✦ Ahal miweleri «Erem» brendi bilen dünýä bazaryna çykýar ✦ ✦ Ahal welaýatynda senagat önümleri daşary ýurt bazarlarynyň ünsüni çekýär ✦
Home / Poetry /Sungatly Watan
  26.06.2020
822
Sungatly Watan

Gadymýetden bäri bagşy ozanly,

Namaly, nagmaly sungatly watan.

Kalby dessanlydyr göwni gazally,

Dutarly, gyjakly sungatly watan.

 

Halypalar görelde her bir ädimde,

Ýörelgämiz ajap sazda aýdymda,

Adyň şat şowhunly ýürek öýünde,

Säher deý gaýmakly sungatly watan.

 

Bu gün türkmen sungatyna hormat bar,

Her bir gadamda muny görmek bar,

Ösüşden joş alyp göwni görmek bar,

Ylhamdan söýgetli, sungatly watan.

 

Wysal bu gün Pyragynyň arzuwy,

Ata mekan ýyllar içre arzyly,

Ak bagytdan beslenen, bagtyýar ýoly,

Kuwwatly gudratly, sungatly watan.