logo

Latest news:
✦ Parahatçylygyň mizemez binýady ✦ ✦ Ahalda hasylly ösüş ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň Azerbaýjanyň ykdysadyýet ministri bilen duşuşygy ✦ ✦ Halkymyzyň buýsanjy — ýylymyzyň şany ✦ ✦ Ýylymyza bagyşlanan dabaraly mejlis ✦ ✦ Ýaşlaryň elektron žurnalynyň täze sany çap edildi ✦ ✦ Şatlyga beslenýän «Awaza» ✦ ✦ Türgenlerimiziň Aziýa çempionatynda gazanan nobatdaky ýeňişleri ✦ ✦ Koreýanyň KHBS-niň wekilleriniň ýurdumyza sapary ✦ ✦ Türkmen sungat ussatlary Özbegistanda geçirilen halkara makam sungaty forumynda ýeňiji boldular ✦
Home / Culture /Sungatyň rowaç menzilleri
  07.01.2021
690
Sungatyň rowaç menzilleri

       Baky Bitarap ýurdumyzda medeniýet, sungat, saz we döredijilik bilen meşgullanýan adamlara uly sarpa goýulyp bu ugurda zerur bolan şertler döredilip berilýär. Has dogrusy paýtagtymyzyň gözel künjekleriniň birinde açylan köp ugurly  “Jahan” döredijilik merkezi hem munuň nobatdaky subutnamasy boldy. Täze açylan binadaky sazçylyk, nakgaşçylyk, tikinçilik, tansçylyk ýaly döredijiligiň dürli ugurlaryna ýöriteleşdirilen otaglar häzirki zamanyň kämil saz gurallarydyr iş enjamlary bilen üpjün edilip, olarda ähli döwrebap şertler göz öňünde tutulypdyr.

        Munuň özi ýurdumyzda çeper döredijiligiň, milli senedimiziň has-da galkynmagynda, medeniýet sungat ulgamynyň döwrebap derejede täze täze ösüşlere eýe bolmagynda uly ähmiýete eýedir. “Jahan” döredijilik merkezinde tikinçilik, biçimçilik işi bilen meşgullanmaklyga-da ähli zerur bolan şertler döredilipdir. Bu ýerde tikin we el işlerine niýetlenen aýratyn bölüm bar. Oňada tikinçilik otagynda dünýäniň kämil ýokary öndürijilikli tikin maşynlarynyň 10-sy oturdylypdyr. Ýaka tikmek, ütüklemek işi bilen meşgullanmak üçin hem aýratyn otaglar bar. Bu bölümde merkeziň medeniýet sungat işgärlerine, tansçylaryna umuman, ähli isleg bildirýänlere döwrebap tikinçilik hyzmatlary edilýär.