logo

Latest news:
✦ Türkmenistan bilen Gruziýanyň arasynda golýazmalary öwrenmek boýunça ylmy hyzmatdaşlyk başlandy ✦ ✦ Dünýädäki iň döwrebap robot haýsy? ✦ ✦ «Biznes-Intellekt» bäsleşigi ýaş zehinleri ýüze çykardy ✦ ✦ Syýahatçylyk mekdebiniň talyplary türkmen haly sungaty bilen tanyşdylar ✦ ✦ TOHU-da ykdysadyýet ugrunda möhüm meseleler boýunça pikir alyşma duşuşygy geçirildi ✦ ✦ Türkmen wekiliýeti GDA-nyň Ykdysady geňeşiniň 109-njy maslahatyna gatnaşdy ✦ ✦ Saglygy goraýyş ulgamynda türkmen-gruzin hyzmatdaşlygy ösdürilýär ✦ ✦ Türkmen wekiliýeti «Energoprom-2026» halkara forumyna gatnaşdy ✦ ✦ Azat Annadurdyýew: Sanly arheologiýa uly mümkinçilikleri açýar ✦ ✦ Kompýuter tehnologiýasynyň ösüşi ✦
Home / Culture /«Suratlarda bagtyýar ýaşlar» atly bäsleşik yglan edildi!
  01.02.2023
1185
«Suratlarda bagtyýar ýaşlar» atly bäsleşik yglan edildi!

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen şygaryndan ruhlanyp, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkymyz bagtyýar durmuşda ýaşaýar, gurýar we döredýär. Taryh üçin uzak bolmadyk Garaşsyzlyk ýyllarynda asyrlara barabar işler amala aşyrylyp, ähli ugurlarda belent sepgitlere ýetilýär.

2023-nji ýylyň «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» diýlip yglan edilmegi hem-de mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 32 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzyň jemgyýetçilik-syýasy durmuşyndaky ösüş-özgerişleri, milli ykdysadyýetimiziň galkynyşyny, halkymyzyň bagtyýar durmuşyny, ýaşlaryň göreldeli zähmetini açyp görkezýän ýokary hilli surat eserleriniň döredilmegini höweslendirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Syýasy Geňeşiniň hem-de «Watan» gazetiniň redaksiýasynyň bilelikdäki mejlisiniň karary esasynda fotosuratçylaryň hem-de suratkeşleriň arasynda «Suratlarda bagtyýar ýaşlar» atly bäsleşik yglan edildi.

Fotosuratçylar we surat çekmäge höwesek ýaşlar Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaşlaryň bagtyýar durmuşyny, olaryň milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynda çekýän döredijilikli zähmetini, ýaş nesliň ylym-bilim, medeniýet, sport, saglygy goraýyş we beýleki ulgamlarda gazanýan üstünliklerini beýan edýän eserlerini bäsleşige hödürläp biler. Bäsleşige hödürlenilýän fotosuratlar we çekilen suratlar öň metbugatda çap edilmedik, başga bäsleşiklere hödürlenmedik bolmalydyr.

Bäsleşige gatnaşyjylar hödürleýän eserleriniň ýanyna özleri hakyndaky maglumaty (okaýan, işleýän we ýaşaýan ýeriniň salgysyny, iş, öý ýa-da el telefonyny) goşmalydyr. Bäsleşigiň jemi 2023-nji ýylyň dekabr aýynda jemlener we ýeňijilere baýraklar gowşurylar.

Bäsleşige hödürlenilýän eserleri «Bäsleşige» diýen ýazgy bilen «Watan» gazetiniň redaksiýasyna ibermeli. 

 

Biziň salgymyz: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly-100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany. 
Telefonlarymyz: 38-61-03; 38-61-05, 38-61-16; 38-61-17. 
Gazetiň elektron poçtasy: watan@sanly.tm