logo

Latest news:
✦ Sagdyn ýaşaýyş tebigatdan başlanýar ✦ ✦ Ösümlik ýagynyň önümçiliginiň inçe syrlary ✦ ✦ Türkmenistanyň oba hojalygynda önümçilik kuwwaty yzygiderli ýokarlanýar ✦ ✦ Türkmenistan GDA ýurtlaryna pomidor eksport etmekde öňdebaryjy orun eýeleýär ✦ ✦ Duşenbe şäherinde Halk Maslahatynyň öňde boljak mejlisine bagyşlanyp maslahat geçirildi ✦ ✦ “IWISE Global Final London 2026” halkara bäsleşiginde Türkmenistanyň mekdep okuwçylary uly üstünlik gazandylar ✦ ✦ Ahalda “Ýigit” pomidor we paprika önümçiligini giňeldýär ✦ ✦ Mukaddes Garaşsyzlygyň 35 ýyllygy we Halk Maslahaty: Berkarar döwletiň beýik geljegine tarap ✦ ✦ Ahal miweleri «Erem» brendi bilen dünýä bazaryna çykýar ✦ ✦ Ahal welaýatynda senagat önümleri daşary ýurt bazarlarynyň ünsüni çekýär ✦
Home / Nature /SUW – DURNUKLY ÖSÜŞIŇ ÇEŞMESIDIR
  14.12.2022
1422
SUW – DURNUKLY ÖSÜŞIŇ ÇEŞMESIDIR

Her damjasy altyn-zere deňelýän suw – abadan ýaşaýşyň gözbaşy, bolçulygyň çeşmesidir. Suw gory durnukly ösüşi kepillendirýän görkezijidir. Geçmiş taryhymyzda hem merdana ata-babalarymyz suwa tebigatyň bahasyna ýetip bolmajak gymmatly baýlygy, ýaşaýşyň peşgeşi hökmünde garap, paýhasly pikirleri, atalar sözlerini hem-de many-mazmunly nakyllary döredipdirler. Ýurdumyzda alnyp barylýan döwlet syýasatynda suwy rejeli peýdalanmak, zerur bolan suwaryş desgalaryny gurmak hem-de durkuny abatlamak, suwaryşyň kämil ulgamyny döretmek barada uly işler ýola goýulýar. Arkadagly Serdarymyzyň başda durmagynda ýurdumyzyň ekerançylyk meýdanlarynyň suw üpjünçiligini gowulandyrmak, tarp ýerleri özleşdirmek bilen täze suwarymly ýerleri döretmek boýunça netijeli işler durmuşa geçirilýär. Bu babatda Türkmenistanyň «Suw hakynda» Kodeksi hem hereket edýär. Onda suw serişdelerini netijeli peýdalanmagyň, suwy hapalanmakdan gorap saklamagyň ylmy taýdan esaslandyrylan düzgünlerini işläp taýýarlamak we ony önümçilige ornaşdyrmak boýunça alnyp barylýan toplumlaýyn işler öz beýanyny tapýar. Suwy rejeli peýdalanmak meselesi häzirki wagtda örboýuna galan global hem umumadamzat bähbitli derwaýys meseleleriň birine öwrüldi. Şol sebäpli-de her ýylyň 22-nji martynda suw baýlyklarynyň bütindünýä güni halkara derejesinde bellenilýär. Suw bilen bagly meseleleri çözmekde halkara hyzmatdaşlygyny giňeltmäge, suw üpjünçiligini doly ýola goýmaga, suw baýlyklarynyň goraglylygyny we onuň peýdalanylyşyny üpjün etmäge gönükdirilen möhüm maksatnamalar kabul edilýär. Umumadamzat bähbitli bolan bu başlangyçlar suw meseleleriniň çözgüdini tapmaklyga mümkinçilik berýär. Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň ähli welaýatlarynyň suwarymly ýerlerinden şor-zeý suwlaryny ýygnamak maksady bilen döredilen «Altyn asyr» Türkmen köli iri möçberli taslama hökmünde möhüm ekologik, durmuş-ykdysady meselelerini üstünlikli çözmäge, oba hojalyk ýerleriniň melioratiw ýagdaýyny gowulandyrmaga, ýerleri şorlaşmakdan goramaga, zeý suwlaryny dolanyşyga gaýtadan girizmäge, suw serişdeleriniň möhüm ätiýaçlygyny döretmäge mümkinçilik berýär. «Altyn asyr» türkmen köli tutuş Merkezi Aziýa sebitinde ekologiýa abadançylygyny üpjün etmäge ýardam edýär.

Döwletimizde ilatyň arassa agyz suwy bilen üpjün edilmegine gönükdirilen çäreler hem üstünlikli çözülýär. Ýurdumyzyň ähli künjeklerinde arassa agyz suwuny öndürýän döwrebap kärhanalar, suw süýjediji desgalar yzygider gurulýar. Bu bolsa ýurt abadançylygynyň berk binýady bolup çykyş edýär. Şeýle umumadamzat bähbitli tagallalary ýola goýýan, halkymyzyň eşretli durmuşda ýaşamagy we ygtybarly geljeginiň hatyrasyna uly işleri durmuşa geçirýän Arkadagly Serdarymyza çäksiz alkyş aýdýarys! 

 

Baýram BAZAROW,

Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.