logo

Latest news:
✦ Parahatçylygyň mizemez binýady ✦ ✦ Ahalda hasylly ösüş ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň Azerbaýjanyň ykdysadyýet ministri bilen duşuşygy ✦ ✦ Halkymyzyň buýsanjy — ýylymyzyň şany ✦ ✦ Ýylymyza bagyşlanan dabaraly mejlis ✦ ✦ Ýaşlaryň elektron žurnalynyň täze sany çap edildi ✦ ✦ Şatlyga beslenýän «Awaza» ✦ ✦ Türgenlerimiziň Aziýa çempionatynda gazanan nobatdaky ýeňişleri ✦ ✦ Koreýanyň KHBS-niň wekilleriniň ýurdumyza sapary ✦ ✦ Türkmen sungat ussatlary Özbegistanda geçirilen halkara makam sungaty forumynda ýeňiji boldular ✦
Home / Health /Suw içilende goýberilýän esasy ýalňyşlyklar
  17.06.2022
1491
Suw içilende goýberilýän esasy ýalňyşlyklar

Suwuň deňagramlylygyny saklamagyň we içiliş düzgünine gözegçilik etmegiň zerurdygyny hemmeler bilýär. Emma muňa garamazdan, köp adamlar käbir ýalňyşlyklary hem goýberýärler. Netijede, suwuň ähli peýdalary puja çykýar. Lukmanyň belleýşi ýaly, adamlaryň köp bölegi günde 2-2,5 litr suw içmäge özlerini mejbur edýärler. Şeýle-de bolsa, diňe bedende zerurlyk ýüze çykanda suw içmeli. Ýogsam, iýmitleniş hünärmeniniň aýdyşy ýaly, elektrolit ätiýaçlyklary ýuwulýar, bu bolsa ganda natriý ýetmezçiligine sebäp bolýar. Bir wagtyň özünde köp mukdarda suw içmek çişmeklige getirýär. Mundan başga-da, nahar iýilýän wagtynda, birbada köp suwuklyk içmeli däl. Çünki suw aşgazan şiresiniň saklaýan duz kislotasyny eredýär. Bu bolsa iýmit siňdirişe ýaramaz täsir edip biler. Gaty sowuk suw içmek bedene zyýan ýetirip biler.

 

Babamyrat NURJYKOW, Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.