logo

Latest news:
✦ Sagdyn ýaşaýyş tebigatdan başlanýar ✦ ✦ Ösümlik ýagynyň önümçiliginiň inçe syrlary ✦ ✦ Türkmenistanyň oba hojalygynda önümçilik kuwwaty yzygiderli ýokarlanýar ✦ ✦ Türkmenistan GDA ýurtlaryna pomidor eksport etmekde öňdebaryjy orun eýeleýär ✦ ✦ Duşenbe şäherinde Halk Maslahatynyň öňde boljak mejlisine bagyşlanyp maslahat geçirildi ✦ ✦ “IWISE Global Final London 2026” halkara bäsleşiginde Türkmenistanyň mekdep okuwçylary uly üstünlik gazandylar ✦ ✦ Ahalda “Ýigit” pomidor we paprika önümçiligini giňeldýär ✦ ✦ Mukaddes Garaşsyzlygyň 35 ýyllygy we Halk Maslahaty: Berkarar döwletiň beýik geljegine tarap ✦ ✦ Ahal miweleri «Erem» brendi bilen dünýä bazaryna çykýar ✦ ✦ Ahal welaýatynda senagat önümleri daşary ýurt bazarlarynyň ünsüni çekýär ✦
Home / Nature /Suw serişdelerini rejeli peýdalanmak möhüm ugur
  07.03.2023
1157
Suw serişdelerini rejeli peýdalanmak möhüm ugur

Häzirki döwrüň derwaýys meselelerini çözmekde işjeň orun eýeleýän ýurdumyz BMG-niň çäklerinde Araly halas etmegiň halkara gaznasy we beýleki abraýly guramalardyr düzümler bilen özara gatnaşyklaryň işjeňleşdirilmegini esasy ugur edinýär. Ýurdumyzyň suw meselelerini çözmekde möhüm orun eýeleýändigini we bu ugurda yzygiderli işleri alyp barýandygyny bellemelidiris. Daşary syýasatymyzyň ileri tutulýan ugry hökmünde kesgitlenen suw diplomatiýasy diňe bir durmuş taýdan möhüm bu pudakda ikitaraplaýyn gatnaşyklardan ybarat bolman, eýsem, ol ýurdumyzyň öňdebaryjy tejribeleri işläp taýýarlamagyndan ybaratdyr. Suw hojalygy ulgamyna häzirki zamanyň ekologik taýdan arassa, kämil tehnologiýalary ornaşdyrylýar we suw serişdeleriniň rejeli peýdalanylyşyna netijeli gözegçiligi güýçlendirmek maksady bilen, zerur çäreler durmuşa geçirilýär. Şunuň bilen baglylykda, Garagum sährasynda özboluşly «Altyn asyr» Türkmen kölüni döretmek boýunça iri milli taslamanyň amala aşyrylmagynyň ähmiýeti örän uludyr. Bu taslama çylşyrymly gidrotehniki desganyň döredilmegini üpjün etdi. Bu bolsa häzirki döwür üçin wajyp bolan ekologik, ykdysady we durmuş meselelerini çözmäge, tutuş Merkezi Aziýa sebiti üçin möhüm bolan uzak möhletleýin ekologik abadançylygy üpjün etmekde aýratyn zerurdyr. Suw serişdelerini oýlanyşykly, rejeli peýdalanmak arkaly oba hojalyk önümçiliginiň derejesini ýokarlandyrmak meseleleri özara baglanyşykly bolup, ol azyk howpsuzlygynyň berkidilmeginde ähmiýetlidir. Beýleki bir tarapdan, ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylýan yzygiderli ekologik çäreler milli ykdysadyýetimiziň ösüşiniň möhüm şertini emele getirýär. Şeýle-de halk hojalygynyň ähli ugurlarynda tebigaty goramak boýunça häzirki zamanyň hil taýdan täze usullaryna geçilmegine mümkinçilik döredýär. Suw serişdelerini rejeli ulanmaklygyň özi raýatlarda, aýratyn hem ýaş nesillerde watansöýüjiligi ýokarlandyrmakda ekologiýa taýdan ähmiýetli wezipedir. Ekologiýa diplomatiýasyny işjeňleşdirmek ugrunda ägirt uly işler alnyp barylmagy ýaş nesillerde ekologiýa medeniýetiniň ýokarlanmagyna möhüm ähmiýet berilýär. Munuň özi häzirki döwrüň ählumumy wezipelerini üstünlikli çözmäge gönükdirilen bolup, diýarymyzda ýaýbaňlandyrylan suw tygşytlamak babatdaky çäreler umumadamzat işlerine bolan mynasyp goşantdyr. 

 

Atajan DÖWLETOW,

Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.