logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Technology /Suw turbalaryndaky syzmalary ýüze çykarýan kiçi robotlar işlenip düzüldi
  28.12.2022
1073
Suw turbalaryndaky syzmalary ýüze çykarýan kiçi robotlar işlenip düzüldi

Suw geçýän turbalar onlarça ýyllap işläninden soňra suw syzdyrýarlar we birnäçe tonna suwuň isrip bolmagyna getirýärler. Bu ýagdaý suw arassalaýjy desgalarda hem gabat gelýär.

Bu meseläni çözmek üçin işleýän gözlegçiler suwuň nirden syzýanlygyny ýüze çykarmak üçin ösen robotlary öndürdiler. Täze işlenilip düzülen robotlar juda kiçi bolup, suw kranlaryna we turbalaryna girip suwuň syzýan ýerini we ýetirilen zyýany anyklaýar.

Bu robotlar, Angliýanyň Suw hyzmatlaryny kadalaşdyryjy edarasy bolan «Ofwat» tarapyndan döredildi. Edara bu kiçi robotlaryň kömegi bilen her ýyl millionlarça tonna suwuň biderek sarp edilmeginiň öňüni alyp boljakdygyny mälim edýär.

Robotlar diýseň täsin gurluşa eýe bolup hat-da suw turbalaryna we liniýalaryna girip suwuň akymyna päsgel bermezden suwuň syzýan ýerini we ýetirilen zyýany anyklamaga ukyplydyr.

Köne görnüşli robotlar bilen deňeşdirilende has ösen tehnologiýalara eýe bolan robotlar, ilki bilen suwuň akymy bilen hereket edýär we suwuň syzýan ýerini anyklaýar. Haýal etmän robotlar özüni dolandyryja habar berýär. 

 

Jeýhun ERKINOW,

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň talyby.