logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Agriculture /Suw - ýaşaýşyň çeşmesi
  21.12.2023
831
Suw - ýaşaýşyň çeşmesi

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyz ösüşiň batly gadamlaryny nazarlaýar. Türkmen halky abadan hem-de bolelin durmuşda bagtyýar zamananyň eşretini görüp ýaşaýarlar. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň başda durmagynda ähli ugurlar bilen bir hatarda obasenagat toplumynyň ösdürilmegine hem uly üns berilýär.

 

 

Oba hojalygy pudagynyň netijeliligini ýokarlandyryp, bol hasyl almaklygyň  möhüm şertleriniň biri-de gidromelorasiýa bolup durýar. Ýurdumyzda suwlaryň ýetmezçilik edýän ýerlerini suwlandyryp, ekin öndürijiligini ýokarlandyrmak boýunça giň gerimli işler yzygiderli alnyp barylýar. Häzirki wagtda bu usulyň ösen tehnologiýalar arkaly kämilleşmegi netijesinde bolsa oba hojalygynda uly öňegidişlikler gazanylýar.      

 

 

Ýurdumyzda azyk üpjünçiligini döretmäge, sürümli ýerleriň şoruny ýuwmaga, hapa suwlary rejeli ulanmaga gönükdirilen barlaglary geçirmek, şorlaşan ýerlerde hem oba hojalyk ekinlerini ösdürip ýetişdirmegiň kämil usullaryny we tehnologiýalaryny ornaşdyrmaga degişli möhüm çäreler durmuşa geçirilýär.  

 

 

Şeýle ajaýyp şertleri döredip berýän, diýarymyzy bagy-bossanlyga, bagtyýarlyga besleýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz alkyş aýdýarys.

 

 

 Ogulşirin ÝOLLYÝEWA,
Aşgabat şäherindäki agrosenagat
orta hünar okuw mekdebiniň talyby.