logo

Latest news:
✦ Sagdyn ýaşaýyş tebigatdan başlanýar ✦ ✦ Ösümlik ýagynyň önümçiliginiň inçe syrlary ✦ ✦ Türkmenistanyň oba hojalygynda önümçilik kuwwaty yzygiderli ýokarlanýar ✦ ✦ Türkmenistan GDA ýurtlaryna pomidor eksport etmekde öňdebaryjy orun eýeleýär ✦ ✦ Duşenbe şäherinde Halk Maslahatynyň öňde boljak mejlisine bagyşlanyp maslahat geçirildi ✦ ✦ “IWISE Global Final London 2026” halkara bäsleşiginde Türkmenistanyň mekdep okuwçylary uly üstünlik gazandylar ✦ ✦ Ahalda “Ýigit” pomidor we paprika önümçiligini giňeldýär ✦ ✦ Mukaddes Garaşsyzlygyň 35 ýyllygy we Halk Maslahaty: Berkarar döwletiň beýik geljegine tarap ✦ ✦ Ahal miweleri «Erem» brendi bilen dünýä bazaryna çykýar ✦ ✦ Ahal welaýatynda senagat önümleri daşary ýurt bazarlarynyň ünsüni çekýär ✦
Home / Nature /Suw ýaşaýşyň gözbaşy
  09.04.2024
1379
Suw ýaşaýşyň gözbaşy

Suw ýaşaýşyň gözbaşydyr, dirilik çeşmesidir. Onsuz ýaşaýşy göz öňüne getirip bolmaýar. Ol teşneligi gandyrýar, şeýle-de arassaçylygyň hem sagdynlygyň özenidir. Bu günki günde türkmen topragy jennetiň Erem bagyna öwrüldi. Suwdan tygşytly peýdalanyp, toprakdan gyzyl öndürýän başarjaň türkmen iliniň bereketli saçaklarynyň üsti ak bugdaýyň mele çöreginden dolup, «ak altyndan» belent-belent daglar döreýär. Bagtyýarlyk zamanasynda ýurdumyzyň ähli künjeklerinde göm-gök bolup öwüsýän miweli we saýaly, pürli agaçlar, hoşboý ysly güller Diýarymyza görk berýär. Elbetde, bag-bakjalaryň hem gülläp gül açmagy, boý alyp ösmegi üçin-de suwuň belli bahasy ýokdur. Diýmek, ýaşaýşyň özeni suwdan ybaratdyr.

 

Halkymyzda «suw damjasy — altyn dänesi» diýilýär. Onuň bedenimiziň sagdynlygyny üpjün etmekdäki wajyp orny barada pikir edeniňde, ata-babalarymyzyň bu aýtgysynyň tüýs ýerine düşendigine göz ýetirýärsiň.

 

Suw ähli janly-jandarlaryň bedeniniň esasy bölegini düzýär. Suwuň kömegi bilen bedende wajyp biohimiki hadysalar bolup geçýär, zyýanly maddalar bölünip çykarylýar. Suw bedende gyzgynyň sazlaşygyna-da işjeň gatnaşýar. Bedendäki suw bary-ýogy 1-2 göterim azalanda (0,5 litr) adam suwsap ugraýar. 10% suw ýetmezçiligi bedende öýjükleriň zeperlenme hadysasyny emele getirýär, deri gatap ugraýar, nemli bardalar gurap, dil çişip ugraýar, umumy ysgynsyzlyk, kellagyry döreýär, uky basýar. Şonuň üçinem wagtly-wagtynda gaýnadylyp sowadylan suw içmeli. Gaýnag suw bedende madda alyş-çalşygyny güýçlendirýär. Wirusly kesellerde, sport bilen meşgullanylanda, yssy howada, aşgazan-içege ýollarynyň näsazlyklarynda, içgeçmede bedeniň ýitirýän suwunyň ornuny dolduryp durmak wajypdyr.

 

Filosofiýanyň garaýşy boýunça bolsa, dünýäniň ilkinji başlangyçlary hökmünde materiýanyň görnüşleriniň biri suw diýlip kabul edilýär. Bu pikire uýýan grek filosofy Falesiň hasaplamagyna görä, hemme zat suwdan döräp, suwa öwrülýär. Suw — Biribaryň keramaty bilen ýaradylan hazyna. Ygtybarly edebiýatlardaky: «Allatagala hemme zatdan öň bir päk göwher ýaratdy we göwhere haýbat bilen garady. Ol göwher bu nazardan eräp, suw boldy» diýen jümleler bu hakykata güwä geçýär.

 

Ogulnäzik NURYÝEWA,

 

Döwletmämmet Azady adyndaky

Türkmen milli dünýä dilleri

institutynyň talyby.

 

Suratlar arhiwden.