logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Interesting /Suwasty dünýäsiniň “guzujygy”
  23.06.2022
1361
Suwasty dünýäsiniň “guzujygy”

Dünýä ummanlarynyň, deňizdir-kölleriň suwasty dünýäsi özüniň täsin florasy we faunasy bilen haýran galdyrýar. Täsin hem ajaýyp deňiz jandarlary üýtgeşik suwasty dünýäsini emele getirýär. Şolaryň arasynda daşky şekili boýunça “guzujyga” çalym edýän mollýuskalar bellenmäge mynasypdyr. Bu mollýuskanyň ylmy ady Costasiella kuroshimae diýlip atlandyrylýar. Ol adaty bolmadyk mollýuskalaryň bir görnüşi bolup, esasan hem Ýaponiýanyň Okinawa adasynyň Rýukýu arhipelagynyň suwlarynda ýaşaýar. Şeýle-de Filippin adasynyň suwlaryndaky uly barýer rifleriniň arasynda duş gelýär. Owadan “guzujyk” diňe bir daşky görnüşi bilen tapawutlanman, ol fotosintez hem geçirmäge ukyplydyr. Bu ýagdaýa onuň bedeniniň daşky ýaşyl reňkli hlorofil pigmentleri ýardam edýär. Netijede mollýuska bedeni üçin zerur bolan organiki maddalary özünde sintezleýär. Reňkli mollýuska suwuň 10 metr çuňlugynda mesgen tutmak bilen, suwdaky fitoplanktonlar bilen iýmitlenýär. Gözlegçiler bu görnüşiň köpdürliliginiň 200 müňe golaýdygyny çaklaýarlar.

Aýsoltan Hudaýnazarowa

Türkmen oba hojalyk institutynyň 2-nji ýyl talyby