logo

Latest news:
✦ Akylly ulgamlar maglumat tehnologiýalarynyň täze eýýamy ✦ ✦ Programmirleme we maglumat tehnologiýalary sanly geljegiň hereketlendiriji güýji ✦ ✦ GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirildi ✦ ✦ Londonda geçirilýän halkara bilim forumynda Türkmenistanyň bilim ulgamy tanyşdyryldy ✦ ✦ Dünýä kino sungatynyň esasy baýragynyň ýeňijisi belli bolar ✦ ✦ Global IT kompaniýalary 6G synaglaryna girişýär ✦ ✦ Kitap - paýhas hazynasynyň açary ✦ ✦ Ronda Şroder Aşgabatda ýaş telekeçiler bilen duşuşdy ✦ ✦ 2026-njy ýylyň şygary mynasybetli konsert geçirildi ✦ ✦ Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni ✦
Home / Interesting /Suwdan gorkmaýan pişik
  24.10.2023
1416
Suwdan gorkmaýan pişik

Häzirki wagtda dünýäde tebigat bilen adamyň arasyndaky baglanyşyk barha ösýär. Ynsan döräli bäri tebigat bilen aýrylmaz baglanşykly ýaşap gelýär we tebigatdan yzygiderli peýdalanyp , ondaky önýän önümleri öz islegine görä üýtgedip gelipdir. Geliň  bu gün tebigat bilen adamzadyň arasyndaky täsinlikler bilen tanyş bolalyň.

 

 

Seçgiçilik näme?

 

Seçgiçilik- bu tebigy ýa emeli ýol bilen haýwanlaryň ösümlikleriň we ş. m. gowy tohumyny saýlap almaklyk. Adamlar  ençeme wagt bäri seçgiçilik ylmynyň kämilleşmegi we ösmegi bilen janly bedenleriň iň oňat görnüşlerini döretmegi başarypdyr. Häzirki  wagtda seçgiçiler Afrikada ýaşaýan sawanna pişiklerini özara çaknyşdyrmak arkaly arassa tohum almaklygyň üstünde iş alyp barýarlar.

 

 

Owadan we mähirli häsiýetli öý  pişigini almak maksady bilen afrikan ýabany serwal pişigini, bengal pişigini (öý pişigi) özara çaknyşdyryp sawanna pişigini döredýärler. Sawanna pişiginiň döredilmegi hünärmenler tarapyndan seçgiçilikde gazanylan gowy netijeleriň biri hasaplanylýar.

 

 

2015-nji ýylda sawanna pişigi dünýä boýunça “iň gymmat pişik” diýip yglan edildi. Emma bu pişik resmi taýdan 2001 –nji ýylda hasaba alynýar.

 

 

Bu pişik diýseň ýuwaş bolup, islendik mümkinçilikde ýaşamaga uýgunlaşyp bilýär. Täsin ýeri bu pişikler suwdan gorkmaýar. Käbir seçgiçileriň berýän maglumatlaryna görä bu pişikler wepalylykda itlerden pes gelmeýärler.

 

 

Sawanna pişiginiň süýnmek iri bedeni bolup, agramy 15 kilogram, boýy 60 santimetre golaýdyr. Boýny uzalan penjeleri uzyn, bedeninde garamtyl tegmilleri bar. Tüý örtügi goňur we altynsow bolup, gür ýerleşendir. Beýleki pişiklere seredeniňde sawanna pişiginiň duýuş ukyby gowy ösendir. Bedeni berk bolup alajagaplaňy ýadyňa salýar. Onuň gözleri uly we tegelekdir, aýaklary bolsa uzyndyr.

 

Ogulaý BAÝLYÝEWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň
Weterinar lukmançylygy fakultetiniň
I ýyl talyby.