logo

Latest news:
✦ Parahatçylygyň mizemez binýady ✦ ✦ Ahalda hasylly ösüş ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň Azerbaýjanyň ykdysadyýet ministri bilen duşuşygy ✦ ✦ Halkymyzyň buýsanjy — ýylymyzyň şany ✦ ✦ Ýylymyza bagyşlanan dabaraly mejlis ✦ ✦ Ýaşlaryň elektron žurnalynyň täze sany çap edildi ✦ ✦ Şatlyga beslenýän «Awaza» ✦ ✦ Türgenlerimiziň Aziýa çempionatynda gazanan nobatdaky ýeňişleri ✦ ✦ Koreýanyň KHBS-niň wekilleriniň ýurdumyza sapary ✦ ✦ Türkmen sungat ussatlary Özbegistanda geçirilen halkara makam sungaty forumynda ýeňiji boldular ✦
Home / In the world /Suwuklyk görnüşindäki robot
  21.10.2022
747
Suwuklyk görnüşindäki robot

Hytaýyň Taýwan welaýatynda ýerleşýän Suçou uniwersitetiniň alymlary Awstraliýaly hünärmenler bilen birlikde adatdakylardan üýtgeşik suwuklyk görnüşindäki roboty döretdiler. Bu robot suwuklyk ýagdaýyndaky galliý metalynyň birnäçe damjasyndan ybaratdyr. Täze oýlanyp tapylan robot suwuklyk görnüşindedigine garamazdan ownuk bölejiklere bölünip, ýene gaýtadan bir topluma ýygnanyp bilýär. Innowasion tehnologiýa dünýäsiniň özboluşly açyşy bolan bu robot lukmançylyk ylmynda peýdalanmak üçin has hem netijelidir. Suwuklyk görnüşindäki robot adam bedenindäki barmasy kyn bolan ýerlere barmaga, ol ýere zerur bolan maddalary daşamaga we netijede bolsa saglygy dikeldip, keseliň öňüni almaga giň mümkinçilik döreder. Bular bilen bir hatarda ýene bellemeli zatlaryň biri-de suwuklyk görnüşindäki robot bedendäki gan lagtalanan ýagdaýynda gan damarlaryny açmakda hem peýdaly bolan saglygy bejeriş serişdesi bolar.

Ýeri gelende belläp geçsek, Garward uniwersitetiniň alymlary tarapyndan saglygy goraýyş ulgamynda örän netijeli bolan ýumşak metaldan ýasalan möý şekilindäki kiçijik robot oýlanyp tapylyp, ol bedeniň iýmit siňdiriş ýollaryndaky mikrofloranyň kesellerinde ähmiýetlidigi bilen belli boldy.

 

Näzli ŞÖHRADOWA,

Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.