logo

Latest news:
✦ Akylly ulgamlar maglumat tehnologiýalarynyň täze eýýamy ✦ ✦ Programmirleme we maglumat tehnologiýalary sanly geljegiň hereketlendiriji güýji ✦ ✦ GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirildi ✦ ✦ Londonda geçirilýän halkara bilim forumynda Türkmenistanyň bilim ulgamy tanyşdyryldy ✦ ✦ Dünýä kino sungatynyň esasy baýragynyň ýeňijisi belli bolar ✦ ✦ Global IT kompaniýalary 6G synaglaryna girişýär ✦ ✦ Kitap - paýhas hazynasynyň açary ✦ ✦ Ronda Şroder Aşgabatda ýaş telekeçiler bilen duşuşdy ✦ ✦ 2026-njy ýylyň şygary mynasybetli konsert geçirildi ✦ ✦ Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni ✦
Home / Nature /Suwuň iň çuň ýerinde ýaşaýan balyklar hasaba alyndy
  06.04.2023
1446
Suwuň iň çuň ýerinde ýaşaýan balyklar hasaba alyndy

Alymlar 8000 metrden gowrak çuňlukda ýaşaýan balyk görnüşine duş geldiler. Bu balyk görnüşi häzire çenli iň çuň ýerde ýaşaýan balyklar hökmünde hasaba alyndy. 

Iň çuň ýerde ýaşaýan balyklar Ýuwaş ummanyň demirgazygynda 8,336 metr çuňlukda gabat geldi. Şeýlelik bilen, bu balyklar iň çuň ýerde ýaşaýan balyk hökmünde taryha girdi.

Gözleg işleri Günbatar Awstraliýa uniwersitetiniň we Tokio deňiz ylmy we tehnologiýa uniwersitetiniň alymlary tarapyndan geçirildi. Mundan ozal 8222 metr çuňlukda ýaşaýan balyk görnüşi iň çuň ýerde ýaşaýan balyk görnüşi diýlip hasap edilýärdi. Bu balyklar 2008-nji ýylda hasaba alyndy.

Alymlar täze tapylan iň çuň ýerde ýaşaýan balyklaryň ýokary basyşa çydamlydygyny we olaryň bu gurluşa özlerini öwrenişdirendigi mälim edýärler.

Alymlar umman dünýäsini öwrenmek üçin ýörite kiçi deňizasty gämiden peýdalandylar. Bir gezeklik ulanyp bolýan bu deňizasty gäminiň bahasy bolsa 200 müň dollara barabar bolup durýar. 

 

Aýsenem SAPAROWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.