logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Interesting /Süýji agajy-Goweniýa
  21.05.2022
1522
Süýji agajy-Goweniýa

     Görnüşi ýaly, agaçlarda süýji hem ösüp biler. Bu agaçlary "süýji agajy", ylmy taýdan bolsa "Süýji Goweniýa" diýip atlandyrypdyrlar. Günorta-Gündogar Aziýa Goweniýanyň watany hasaplanýar. Bu agaçlar daşky görnüşinden linzalara meňzeýär we beýikligi on bäş metre çenli ýetip bilýär. Ýazda gülleýän mahaly, arylaryň köpüsi nektara baý bolan gülleriniň üstünde gezýärler. Bu agajyň miweleri nohuda meňzeş ownuk gury şarjagazlardyr. Emma iýmit hökmünde olar däl-de, eýsem ujunda şol şarjagazlar ýerleşýän galyň şireli şahalary (sapajyklary) ulanylýar. Olar örän süýji (düzüminde 47% saharoza bar) we biraz rum tagamly kişmişi ýatladýar. Güýzüň ahyrynda bu agajy, ondan "süýjüleri" gaçar ýaly oňat kakmaly. Bu adaty däl "süýjüli" bir agaç otuz bäş kilogram töweregi süýji berip biler. Öý hojalykçylary biskwit we köke üçin hamyryň üstüne gury we ezilen sapaklaryny goşýarlar. Onuň şiresinden ajaýyp içgi ýasalýar. "Süýji agaçlary" gaty çydamly hasaplanýar. Olardan ýeňil mebeller we saz gurallary ýasalýar.

Gurbanmyrat REJEPOW,
Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymy.