logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Economics /SÜÝT ÖNÜMLERI HALKA HÖDÜRLENÝÄR
  17.11.2020
1080
SÜÝT ÖNÜMLERI HALKA HÖDÜRLENÝÄR

     “Gönezlik” hususy kärhanasy Tejen şäherinde ýerleşýär. Onuň öndürýän süýt önümleri diňe bir Tejen şäherinde we Ahal welaýatynyň çäklerinde däl-de, eýsem, ýurdumyzyň ähli künjeginde özüniň meşgurlygy bilen tapawutlanýar. Şonuň üçin hem ol önümlere halk köpçüligi tarapyndan islegler ýokary bolup durýar. Hususy kärhanada öndürilen gatykdyr, süzmeler, gaýmaklar bu gün dükanlaryň tekjelerini hem-de maşgala ojaklarynyň saçaklaryny giňden bezeýär. Muňa aýdyň göz ýetirýän bu hususy kärhananyň işgärleri çekýän yhlasly zähmetleriniň ýerine düşýändigini görkezýär. Ol bolsa kärhananyň öndürijilik mukdarynyň hem-de öndürilýän önümleriniň hiliniň ýokarlanmagyna özüniň oňyn täsirini ýetirýär.

Şeýle hem kärhananyň ýolbaşçylary tarapyndan işçi hünärmeler yzygiderli höweslendirilip durulýar.