logo

Latest news:
✦ Akylly ulgamlar maglumat tehnologiýalarynyň täze eýýamy ✦ ✦ Programmirleme we maglumat tehnologiýalary sanly geljegiň hereketlendiriji güýji ✦ ✦ GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirildi ✦ ✦ Londonda geçirilýän halkara bilim forumynda Türkmenistanyň bilim ulgamy tanyşdyryldy ✦ ✦ Dünýä kino sungatynyň esasy baýragynyň ýeňijisi belli bolar ✦ ✦ Global IT kompaniýalary 6G synaglaryna girişýär ✦ ✦ Kitap - paýhas hazynasynyň açary ✦ ✦ Ronda Şroder Aşgabatda ýaş telekeçiler bilen duşuşdy ✦ ✦ 2026-njy ýylyň şygary mynasybetli konsert geçirildi ✦ ✦ Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni ✦
Home / In the world /Şwesiýaly arheologlar XVII asyra degişli söweş gämisini tapdylar
  25.10.2022
851
Şwesiýaly arheologlar XVII asyra degişli söweş gämisini tapdylar

Şwesiýanyň deňiz arheologlary XVII asyra degişli söweş gämisini tapdylar. Bu söweş gämisiniň 1629-njy ýylda Stokgolmda gark bolan meşhur «Vasa» gämisine juda meňzeşdigini öňe sürülýär. Gämi paýtagt Stokgolmyň golaýynda ýerleşýän Waksholm adasynyň golaýynda gark bolupdyr.

Gämi suwuň aşagynda durup çüýräp başlapdyr. Deňiz arheologlary gämini suwuň içinden çykaryp bolsa muzeýde sergide görkezip boljakdygyny belleýärler. Söweş gämisiniň näme sebäpden gark bolandygy entek belli däl.

Şwesiýanyň deňiz arheologlary Waksholm adasynyň golaýynda 2021-nji ýylyň dekabryndan bäri gözleg geçirýärler. Golaýda, gözleg netijeli gutardy. Tapylan gämi şol döwre degişli birnäçe maglumatlary berip biljekdigi öňe sürülýär. Häzirki wagtda suwuň aşagyndan tapylan gämiden alnan agaç nusgalarynda barlag işleri geçirilýär.   

Belläp geçsek, şu sebitden 2019-njy ýylda iki sany söweş gämisi tapylypdy. Deňiz arheologlary tarapyndan geçirilen gözlegler bu  söweş gämileriniň 1629-njy ýylda suwa gark bolan «Apollon» we «Mariýa» atly orta göwrümli söweş gämisidigini ýüze çykardy. 

 

Ogulsuraý BERDIÝEWA,

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň talyby.