logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / In the world /Şwesiýanyň iň uly ýadro desgasynda elektrik öndürýän reaktor duruzyldy
  10.11.2022
1353
Şwesiýanyň iň uly ýadro desgasynda elektrik öndürýän reaktor duruzyldy

Şwesiýanyň günortasyndaky «Oskarshamn» atom elektrik stansiýasyndaky näsazlyk sebäpli şu gün irden elektrik öndürýän reaktoryň işiniň togtadylandygy habar berildi.

«Oskarshamn» atom elektrik stansiýasynyň hünärmeni, näsazlygyň näçe wagtda bejeriljeginiň belli däldigini, emma adatdan daşary ýagdaýlaryň döremezligi sebäpli elektrik öndürýän reaktoryň işiniň togtadylandygyny belläp geçdi.

«Oskarshamn» atom elektrik stansiýasy 1980-nji ýylda döredildi we 5 ýyl soň işe girizildi. Bu ýerde 3 sany äpet reaktor hereket edýär.