logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / In the world /«Swingometri» oýlap tapan alym David Butler aradan çykdy
  09.11.2022
1330
«Swingometri» oýlap tapan alym David Butler aradan çykdy

Oýlap tapan usuly bilen häzirki zaman saýlaw ylymlarynyň atasy hasaplanýan alym David Butler 98 ýaşynda aradan çykdy. David Butler, öz saýlap alan hünäri boýunça 70 ýyldan gowrak iş tejribesine eýedir.

Swingometr - bir partiýadan beýlekisine geçmegiň Iňlis saýlaw netijeleriniň maksatnamalaryna edýän täsirini görkezýän çyzgy enjamydyr.

Angliýada şeýle-de bütin dünýäde saýlaw ylymlaryna ep-esli täsir eden Butler 1924-nji ýylyň 17-nji oktýabrynda dünýä indi. Ol Oksford uniwersitetini gutardy.

Swingometr ilkinji gezek 1955-nji ýylda «BBC»-de tanyşdyryldy. 1959-njy ýylda saýlawlar swingometr arkaly amala aşyryldy. Bu usul beýleki ýurtlar tarapyndan hem kabul edildi we öz ulgamlaryna laýyklykda işlenip düzüldi.