logo

Latest news:
✦ Sagdyn ýaşaýyş tebigatdan başlanýar ✦ ✦ Ösümlik ýagynyň önümçiliginiň inçe syrlary ✦ ✦ Türkmenistanyň oba hojalygynda önümçilik kuwwaty yzygiderli ýokarlanýar ✦ ✦ Türkmenistan GDA ýurtlaryna pomidor eksport etmekde öňdebaryjy orun eýeleýär ✦ ✦ Duşenbe şäherinde Halk Maslahatynyň öňde boljak mejlisine bagyşlanyp maslahat geçirildi ✦ ✦ “IWISE Global Final London 2026” halkara bäsleşiginde Türkmenistanyň mekdep okuwçylary uly üstünlik gazandylar ✦ ✦ Ahalda “Ýigit” pomidor we paprika önümçiligini giňeldýär ✦ ✦ Mukaddes Garaşsyzlygyň 35 ýyllygy we Halk Maslahaty: Berkarar döwletiň beýik geljegine tarap ✦ ✦ Ahal miweleri «Erem» brendi bilen dünýä bazaryna çykýar ✦ ✦ Ahal welaýatynda senagat önümleri daşary ýurt bazarlarynyň ünsüni çekýär ✦
Home / Poetry /«Sygmadym, eje!» - Gunça AMANSÄHEDOWA
  23.12.2022
1315
«Sygmadym, eje!» - Gunça AMANSÄHEDOWA

Şükür bilen toba kylsamam dilde,
Şor suwa eýlendi nygmatym, eje!
Ýer ýok maňa Arşyň-kürsüň deňinde,
Sensiz giň äleme sygmadym, eje!

Bu giden barlykdan özüm gözledim,
Illerden çekindim, derdim gizledim,
Jeren balasy deý yzyň yzladym,
Ne telbe, ne-de bir sagmydym, eje!

Ýagşyzadalar deý Haky söýerdiň,
Çekerden has agdyk bolsa-da derdiň,
«Rakypdan gözýaşyň gizle» diýerdiň,
Şudy iň soňkuja sargydyň, eje!

Ykbalyň hilesi-aly azmy nä?!
Çäresizlik derdi namys-army nä?!
Güýz seni garratdy, munda bar günäm,
Ýazda ýagmyr bolup ýagmadym, eje!

Gaý-tupana bermän bala-çagaňy,
Eşidenler ýokdur zeýrenç, nalaňy,
Bolduň ulus-iliň, Hakyň halany,
Gören görgülerňi ýygnadyň, eje!

Aslynda, ýalkanar ýagşylyk eden,
Gybatdan, töhmetden ederdiň heder,
Aňzakda, jöwzada taplanan beden,
Baharda ak güller ýygmadyň, eje!

Arşa ýetsin eden doga-dilegleň,
Ýogsa, synagy kän çarhy-pelegiň,
Men bir sada gyzyň, asman melegiň,
Şor bolmasyn alna ýazgydym, eje!