logo

Latest news:
✦ Türkmenistan bilen Gruziýanyň arasynda golýazmalary öwrenmek boýunça ylmy hyzmatdaşlyk başlandy ✦ ✦ Dünýädäki iň döwrebap robot haýsy? ✦ ✦ «Biznes-Intellekt» bäsleşigi ýaş zehinleri ýüze çykardy ✦ ✦ Syýahatçylyk mekdebiniň talyplary türkmen haly sungaty bilen tanyşdylar ✦ ✦ TOHU-da ykdysadyýet ugrunda möhüm meseleler boýunça pikir alyşma duşuşygy geçirildi ✦ ✦ Türkmen wekiliýeti GDA-nyň Ykdysady geňeşiniň 109-njy maslahatyna gatnaşdy ✦ ✦ Saglygy goraýyş ulgamynda türkmen-gruzin hyzmatdaşlygy ösdürilýär ✦ ✦ Türkmen wekiliýeti «Energoprom-2026» halkara forumyna gatnaşdy ✦ ✦ Azat Annadurdyýew: Sanly arheologiýa uly mümkinçilikleri açýar ✦ ✦ Kompýuter tehnologiýasynyň ösüşi ✦
Home / Culture /Şygryýet meýdanynyň beýik çynary
  11.03.2023
1268
Şygryýet meýdanynyň beýik çynary

Gündogaryň şygyr sungatyny baýlaşdyrmakda we ösdürmekde uly hyzmat eden söz ussatlarynyň biri, türkmen halkynyň milli guwanjy beýik Magtymgulydyr. Şahyryň döredijiligi umumadamzat bähbidini goraýan pikirlere mazaly ýugrulandygy bilen ähmiýetlidir. Halkyň durmuş-ýaşaýşyny gowulandyrmak, watançylyk, ahlak-päklik, söýgi, mertlik, gahrymanlyk, ýurduň özbaşdaklygy, agzybirlik we jemgyýete dahylly meselelere degişli aýdan pikirleri biziň häzirki günlerimizde hem tämiz owaz bolup ýaňlanýar, durmuşymyzyň her ädiminde ýagtylyk bolup nur saçýar.

Ýurdumyzda 2024-nji ýylda geçiriljek türkmen edebiýatynyň nusgawy şahyrynyň şanly senesi mynasybetli birnäçe çäreleri amala aşyrmak meýilleşdirilýär. Bütin adamzadyň genji-hazynasyna giren meşhur akyldar şahyryň ömrüne we döredijiligine bagyşlanan ýörite internet portalyny döretmek maksat edinilýär. Şahyryň şygyrlar ýygyndysy özbek, täjik, azerbaýjan, gruzin, ukrain, hytaý, ýapon, türk, rus, iňlis, rumyn dillerine terjime edildi.

Häzirki zamanyň sanly tehnologiýalary arkaly ähli maglumatlary özünde jemleýän «Magtymguly Pyragy» ensiklopediýasyny döretmek, «Magtymguly Pyragy diwanynyň» sanly neşir görnüşini taýýarlamak meýilleşdirilýär. Şeýle hem 2024-nji ýylda halkara guramalary bilen hyzmatdaşlykda akyldar şahyryň edebi mirasyny dünýä derejesinde öwrenmek hem-de wagyz etmek maksady bilen Aşgabat şäherinde halkara ylmy maslahat geçirmek meýilleşdirilýär.

Beýik Pyraga bolan söýgi, hormat halkymyzyň öňem aňynda, kalbynda ýaşan, häzirki günem ýaşaýar, geljekde-de ýaşar. Beýikligi ykrar edýän halypa Arkadagymyzyň aladasy bilen ýakynda gojaman Köpetdagyň belent gerişleriniň birinde şahyrymyz Magtymgulynyň bütin şäheri synlap oturan örän beýik ýadygärliginiň bina edilýändigi hem diňe bir türkmen halkyny buýsandyrman, eýsem, bütin dünýä ýüzüniň magtymgulyşynaslaryny buýsandyrýar, guwandyrýar.

Bu günki gün türkmeniň milli mirasyny arşa ýetiren, bize geçmişimizi öwrenip, geljegimize ynamly gadam basmaga höwes döredýän Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Serdarymyzyň jany sag, ömri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli tutýan tutumlary rowaç alsyn! 

 

Enejan AMANOWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.