logo

Latest news:
✦ Türkmenistan bilen Gruziýanyň arasynda golýazmalary öwrenmek boýunça ylmy hyzmatdaşlyk başlandy ✦ ✦ Dünýädäki iň döwrebap robot haýsy? ✦ ✦ «Biznes-Intellekt» bäsleşigi ýaş zehinleri ýüze çykardy ✦ ✦ Syýahatçylyk mekdebiniň talyplary türkmen haly sungaty bilen tanyşdylar ✦ ✦ TOHU-da ykdysadyýet ugrunda möhüm meseleler boýunça pikir alyşma duşuşygy geçirildi ✦ ✦ Türkmen wekiliýeti GDA-nyň Ykdysady geňeşiniň 109-njy maslahatyna gatnaşdy ✦ ✦ Saglygy goraýyş ulgamynda türkmen-gruzin hyzmatdaşlygy ösdürilýär ✦ ✦ Türkmen wekiliýeti «Energoprom-2026» halkara forumyna gatnaşdy ✦ ✦ Azat Annadurdyýew: Sanly arheologiýa uly mümkinçilikleri açýar ✦ ✦ Kompýuter tehnologiýasynyň ösüşi ✦
Home / Culture /Şygryýetiň bossany
  15.04.2023
948
Şygryýetiň bossany

Söz äleminiň ussady, türkmen halkynyň beýik şahyry Magtymguly Pyragy barada söz açylanda, ilki bilen, pederlerimiziň ilhalar, ylymly-bilimli, asylzada, akylly nesilleri terbiýelemekde, abraýy arşa galan berkarar döwleti gurmakda, ynsanperwer ýol-ýörelgeleri dowam etdirmekde salgylanan nusgalyk mekdebiniň düýbüni tutujy akyldaryň, edebiýat ägirdiniň merdana keşbi göz öňünde janlanýar.

Magtymguly Pyragynyň şahyrana dünýäsi müňýyllyklaryň dowamynda kemala gelen türkmen pelsepesine, milletiň kalbynyň owazyna, türkmen ruhunyň synmajak sütünine, kalbynyň senasyna öwrülip, ýüreklerde baky ýaşaýar. Çünki şahyr ylmyň, edebiýatyň we dünýä medeniýetiniň özünden öňki gazananlaryny akyl-paýhas eleginden geçirip, dür dänesi kimin eserleri döredip, türkmen şygryýetiniň we nusgawy edebiýatymyzyň taryhynda uly özgerişleriň başyny başlady. Onuň umumadamzadyň ruhy-medeni hazynasynyň iň görnükli nusgalarynyň hataryna giren ajaýyp şygyrlary bu gün dünýä dilleriniň köpüsinde buýsançly ýaňlanýar. Has dogrusy, türkmeniň beýik şahyry, akyldar Magtymguly Pyragynyň danalyga, pähim-parasada, çuňňur filosofiýa ýugrulan şahyrana dünýäsi türkmeni, türkmen poeziýasyny dünýä tanatdy. Şu mynasybetli-de, Magtymguly Pyragy türkmen halkynyň milli şahyry, milli guwanjy, milli buýsanjy hasaplanylýar.

Adamzadyň ýüregini şygyr ummanynyň ýakymy, ýalkymy bilen Gün kibi çoýýan söz ussadynyň her bir setirinde, her bir bendinde beýik ynsan söýgüsi, birek-birege mähribanlyk duýgulary joş urýar. Bu gün dünýäniň söz sungatynda öçmejek yz goýan Döwletmämmet Azadynyň, Magtymguly Pyragynyň şygyrlary umumadamzat ýaşaýşynyň parahatçylyk, agzybirlik, baky bagtyýarlyk aýdymlary bolup dünýä dolýar. Bu beýik söz ussatlarynyň ynsanperwer şygyrlarynyň ähmiýeti häzirki wagtda ruhy hazynanyň dürdäneleri bolup, älem-jahana şugla saçýar. 

 

Jennet GARAÝEWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.