logo

Latest news:
✦ Parahatçylygyň mizemez binýady ✦ ✦ Ahalda hasylly ösüş ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň Azerbaýjanyň ykdysadyýet ministri bilen duşuşygy ✦ ✦ Halkymyzyň buýsanjy — ýylymyzyň şany ✦ ✦ Ýylymyza bagyşlanan dabaraly mejlis ✦ ✦ Ýaşlaryň elektron žurnalynyň täze sany çap edildi ✦ ✦ Şatlyga beslenýän «Awaza» ✦ ✦ Türgenlerimiziň Aziýa çempionatynda gazanan nobatdaky ýeňişleri ✦ ✦ Koreýanyň KHBS-niň wekilleriniň ýurdumyza sapary ✦ ✦ Türkmen sungat ussatlary Özbegistanda geçirilen halkara makam sungaty forumynda ýeňiji boldular ✦
Home / Culture /Şygryýetiň synmaz sütüni
  27.04.2023
836
Şygryýetiň synmaz sütüni

Gahryman Arkadagymyz: «Türkmen halkynyň akyldar şahyry Magtymguly Pyragy indi üç ýüz ýyla golaý wagt bäri öz ady bilen hem-de gaýtalanmaýan çeper döredijiligi bilen türkmeni şöhratlandyryp gelýär. Şahyryň mertebesi, onuň türkmeniň taryhyndaky, jemgyýetçilik-syýasy, medeni-edebi durmuşyndaky orny müdimidir. Magtymguly türkmeniň kalbyna iň beýik ynanç, aňyna bolsa durmuşyň ýagşysyny-ýamanyny hatasyz seljerýän mähek daşy, göreçlerine öçmejek nur bolup çaýyldy.

Magtymgulynyň şahyrana-pelsepewi edebi mirasy Beýik Ýaradana, Watana, ynsana, tebigata, adamzat durmuşyna belent söýginiň aýdymy bolup, halkyň ýürek töründe baky orun aldy. Onuň bize galdyran döredijiliginiň gymmatyna diňe bir çeper söz, şygyr jähetinden baha berilse, Magtymgula diňe şahyr hökmünde garalsa, bärden gaýdyldygy bolar. O1 diňe bir türkmen halkynyň däl, eýsem dünýäniň pelsepewi pikirlerini ösdüren, çeperçilik aňyny nurlandyran, dünýewi durmuşy çeper şöhlelendiren akyldar şahyrdyr.» - diýip diýseň jaýdar belleýär.

Elbetde, doglan gününe 300 ýyl dolýan, iki ýüz ýyla golaý döredijiligi ylmy esasda öwrenilýän Magtymguly Pyragy biziň üçin egsilmez ruhy baýlyk, ajaýyp bir dünýä bolup ynsanlaryň ahlaklylyk derejesiniň kämilleşmeginde aýratyn orun tutýar. 

 

Ogultäç NURMÄMMEDOWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.